Uly Berdimuhamedow ABŞ-dan gelip, amerikan telekeçileri bilen duşuşygyny we golf-meýdançasyny gurmak islegini mälim etdi

Uly Berdimuhamedow ABŞ-dan gelip, amerikan telekeçileri bilen duşuşygyny we golf-meýdançasyny gurmak islegini mälim etdi

Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen hepde ABŞ-da bolan wagtynda amerikan işewür wekilleri bilen birnäçe duşuşyk geçirendigini TDH döwlet habar agentligi 21-nji fewralda habar berdi we yzýany onuň "Al-Arabia" telekanalyna beren interwýusyny çap etdi. Bu maglumatlar Halk Maslahatynyň başlygynyň ABŞ ugrandygyny 16-njy fewralda habar beren resmi mediada şondan bäri çap bolan ilkinji habarlardyr.

21-nji fewralda türkmen döwlet metbugatynda çap edilen habara görä, Gurbanguly Berdimuhamedow Saud Arabystanynyň "Al Arabiya" telekanalyna beren interwýusynda ýurduň "esasy maksadynyň" dünýäde dördünji uly gaz gorlarynyň serişdeleriniň eksportyny diwersifikasiýa etmekdigini aýdypdyr.

Gurbanguli Berdimuhamedow Türkmenistanyň ABŞ bilen hyzmatdaşlygy "özara peýdaly we deňhukukly esasda yzygiderli ösýär" diýip, belläpdir we iri amerikan kompaniýalarynyň — "John Deere", "General Electric", "Case", "Boeing", "Coca-Cola", "Sikorsky" we "Caterpillar" — ýangyç-energetika pudagyny, ulag ulgamyny, elektrik energiýasyny, programma üpjünçiligini, oba hojalygyny we azyk senagatyny öz içine alýan türkmen bazarynda uzak wagtlap we üstünlikli işländigini aýdypdyr.

Berdimuhamedow amerikan kompaniýalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanda amala aşyrylýan ykdysady taslamalaryň möçberiniň 45 milliard ABŞ dollaryna golaýlandygyny aýdypdyr.

"Köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanda amerikan kompaniýalarynyň gatnaşmagynda ýüzlerçe ykdysady taslama durmuşa geçirildi we häzirki wagtda olaryň umumy bahasy 45 milliard ABŞ dollaryna golaýlaýar" - diýip, ol aýtdy.

Şeýle-de, Berdimuhamedow halkara kompaniýalaryň ýurduň gazyny Owganystandaky, Pakistandaky we Hindistandaky energiýa mätäç bazarlara çykarjak TAPI gazgeçiriji taslamasyna gatnaşmaga çagyrýandygyny aýdypdyr.

ABŞ-da geçirilen duşuşyklarTürkmen metbugatynda Gurbanguly Berdimuhamedowyň "Al-Arabia" beren interwýusynda aýdanlarynyň onuň ABŞ-nyň Florida ştatyna bir hepdä golaý wagtlap eden sapary bilen arabaglanyşygy anyklaşdyrylmady.

Türkmen döwlet mediasy onuň Floridada geçiren duşuşyklary barada çap eden maglumatlarynda onuň ilki başdan "Nicklaus Companies" kompaniýasynyň ýolbaşçysy Jon Riz we beýleki wekilleri bilen gepleşendigi aýdyldy.

Resmi habara görä, duşuşykda ikitaraplaýyn gatnaşyklar we hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri maslahat edilipdir. Berdimuhamedow bu kompaniýanyň gatnaşmagynda gurlan golf meýdançalarynyň görnüşlerini görüp, Arkadag şäherinde we “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda döwrebap golf meýdançalaryny gurmak planynyň bardygyny aýdypdyr. Bu kompaniýanyň öz maglumatyna görä, 2025-nji ýylyň noýabr aýynda özüni bankrot yglan etdi.

ABŞ sapar eden Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle-de “Türkmenistan — ABŞ” işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart bilen duşuşypdyr.

TDH-nyň habaryna görä, Stýuart amerikan işewür toparlarynyň Türkmenistan bilen gatnaşyklary ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini aýdypdyr. “Boeing”, “General Electric”, “John Deere”, “Case” “Nicklaus Companies” ýaly amerikan kompaniýalarynyň Türkmenistandaky proýektlere gatnaşýandygy bellendi.

Florida saparynyň dowamynda Berdimuhamedow “Panther” milli golf kluby we “La Victoria” atçylyk toplumy ýaly desgalara baryp görüpdir.

Türkmenistanda golf meýdançalary, atçylyk toplumlary, köşkler we konferens merkezleri ýaly gymmatbaha kaşaň toplumlarynyň ençemesi guruldy. Türkmen hökümeti göwrümi we çykdajylary mekdepler, çagalar we keselhanalar ýaly sosial desgalardan has uly bolan şeýle desgalary sosial obýektler diýip atlandyrýar.

Gurbanguly Berdimuhamedow noýabrda özüni bankrot yglan eden “Nicklaus Companies” kompaniýasynyň baş direktory Jon Riz bilen 18-nji dekabrda Aşgabatda hem duşuşypdy we “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda golf-klub taslamasyny durmuşa geçirmek meselelerini maslahatlaşypdy. Ondan öň uly Berdimuhamedow Jon Riz bilen 2022-nji ýylyň maýynda duşuşdy.

Golf meýdançasyny gurmak plany nägilelik döretdiŞu aýyň başynda Türkmenbaşy şäheriniň onlarça ýaşaýjysy şäher häkimligine baryp, "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda täze golf-klubyň gurulmagyna garşylyk bildirdi. Desganyň guruljak ýerinde düýbüni tutmak çäresi üçin taýýarlyklaryň başlanmagy agyz suwy, ýol we ýaşaýyş jaýlaryň abatlanmagy ýaly esasy zerurlyklarda kynçylyk çekýän ýerli ilatda nägilelik döretdi.

“2-nji fewralda şäheriň onlarça ýaşaýjysy üýşüp, şäher häkimliginiň binasyna bardy. Olar golf meýdançasyna onlarça million dollary harçlamagyň ýalňyşdygyny aýdyp, onuň gurluşygyna nägilelik bildirdiler” diýip, waka şaýat bolan türkmenbaşyly ýaşaýjy Azatlyga anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Mundan öň döwlet metbugaty tutuş ýurt boýunça 10-a golaý golf meýdançasynyň guruljakdygyny habar beripdi.

Halk Maslahatynyň başlygy, öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň sapar bilen ABŞ gidendigi barada döwlet metbugatynda 16-njy fewralda we Daşary işler ministrliginiň websaýtynda 17-nji fewralda çap edilen resmi habarlarda saparyň maksady we gün tertibi, hatda anyk senesi görkezilmedi.

Resmi maglumatda "dostlukly ýurda sapar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlykda täze sahypany açar" diýlip bellendi, emma bir hepdä golaý wagtlap hiç hili resmi habar çap edilmedi.

ABŞ-nyň Florida ştatynyň Fort-Loderdeýl aeroportunda birnäçe günläp duran Türkmenistana degişli uçar ýerli medianyň ünsüni çekdi.

Türkmen uçary özüne ünsi çekdi"Ýekşenbe gününden bäri Fort-Loderdeýl-Holliwud halkara howa menziliniň uçuş-gonuş zolagynyň golaýynda ýaşyl-ak reňkli “Boeing” uçary durdy we bu awiasiýa synçylarynyň ünsüni çekdi diýip, "local10.com" habar neşiri 18-nji fewralda habar berdi. Bu maglumatda uçaryň şol ýerde 15-nji fewralda peýda bolandygy aýdyldy.

Şeýle-de, ýerli media serişdelerinde bu uçar bilen bagly çap bolan maglumatlarda onuň Türmenistana degişlidigi we uçara "zeper ýetendigi" habar berildi.

X-da çap edilen suratlarda türkmen uçarynyň guýruk tarapynda deşige meňzeş tegmiliň bardygy göze ilýär. Şeýle-de, suratlaryň birinde uçaryň girelgesinde Gurbanguly Berdimuhamedowyň durandygyny görmek mümkin.

Garaşsyz "Türkmen.news" neşiri Berdimuhamedowyň Fort-Loderdeýl halkara howa menziline baran "Boeing 777" kysymly (guýruk belgisi EZ-A780) uçara zeper ýetendigi we şu sebäpli onuň yzyndan başga bir uçarynyň barandygyny ýazdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan ABŞ bilen maýa goýum hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga umyt baglaýar
Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşdy
Türkmenistan — Amerikanyň Birleşen Ştatlary: ygtybarly häsiýete eýe bolan gatnaşyklar
Serdar Berdimuhamedow amerikaly işewürleri kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň işewür toparynyň wekillerini kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň işewür toparynyň wekillerini kabul etdi