Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampa Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçiriji taslamasyny goldandygy üçin minnetdarlyk bildirdi diýip, TDH 21-nji oktýabrda habar berdi.
Berdimuhamedow 20-nji oktýabrda Owganystana baryp, TOPH gaz geçiriji taslamasynyň owgan böleginiň, Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşyk işleriniň barşy bilen tanyşdy.
“Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçiriji taslamasyny ilkinji bolup goldan döwletleriň biri hem Amerikanyň Birleşen Ştatlary bolup durýar. Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky gatnaşyklar ýokary derejede ösdürildi” diýip, Berdimuhamedow Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň nobatdaky tapgyryna badalga berlende eden çykyşynda aýtdy.
Şeýle-de, ol belli amerikan kompaniýalarynyň köpden bäri Türkmenistanda uly işleri durmuşa geçirýändigini aýdyp, Boeing, Case New Holland, John Deere, Caterpillar, General Electriс, Sikorsky, Nicklaus Design kompaniýalaryny agzady.
Şeýle-de, ol TOPH gaz geçiriji taslamasynyň maslahatçysy bolup çykyş edýän Brownstein kompaniýasynyň goşandyny belledi. Onuň tassyklamagyna görä, Brownstein kompaniýasy bu ägirt uly taslamany durmuşa geçirmekde öz gymmatly, peýdaly maslahatlaryny berýär.
Türkmenistan uzynlygy 1800 km çemesi boljak geçirijiniň üsti bilen ýylda 30 milliard kub metrden gowrak gaz serişdesini Günorta Aziýa ýurtlaryna ibermegi maksat edinýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.