Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 7-nji aprelde tanymal amerikan professional golf oýunçysy we “Nicklaus Design” kompaniýasyny esaslandyryjy Jek Niklausy nobatdaky gezek kabul etdi diýip, Туркменистан.ру saýty habar berýär.
Bu kompaniýa Aşgabatda spotruň bu görnüşinde dünýä standarlartynda ýaryş geçirmek mümkinçiligini berjek golf meýdançasyny gurýar.
Ýatladýarys, jenap Niklaus Türkmenistana eýýäm altynjy gezek sapar edýär.Ol soňky gezek ýurda geçen ýylyň 12-nji dekabrynda geldi.
Jek Niklausyň ýygy-ýygydan edýän saparlary Berdimuhamedowyň soňky ýyllarda Türkmenistanda golfy ösdürmäge gyzyklanmagy bilen düşündirilýär.Prezident golfuň Türkmenistana “örän laýyk gelýändigine” ynanýar, sebäbi ol “dünýäde sportuň iň bir meşhur görnüşleriniň biri we ony ýaşyňa garaman, ýylyň ähli wagtynda oýnap bolýar”.
Jenap Niklaus geçen gezekki sapary mahalynda prezident bilen ýurduň dürli regionlarynda 10 sany golf meýdançasyny gurmak barada gepleşdi. Aşgabatda golf-kluby we türgenleşik meýdançasy üçin ýokary kategoriýaly meýdançany proýektirlemek we gurmak barada karar edildi. Soňra “Awazada” hem golf-kluby açylar, ondan soň ýurduň bäş welaýatynyň hersinde bir golf-kluby açylar.
Bir standart golf meýdanyny gurmak, ugurdaş infrastrukturasy we ýerli ykdysady, topografik we howa şertlerine baglylykda, 5 million amerikan dollaryndan 15 million ABŞ dollary aralygyndaky serişdä durup biler.