At türkmeniň uçar ganaty

Türkmen halky müňýyllyklara uzaýan taryhynyň dowamynda ençeme medeni we ruhy gymmatlyklary döredipdir. Bu gymmatlyklar milletimiziň tebigy zehininiň, aňyrdan gelýän medeniýetiniň, ylym-biliminiň dünýä ýaýylmasydyr.

Dünýäde nepisligi we ussatlygy talap edýän zatlaryň hemmesi müňýyllyklaryň dowamynda döräp, asyrlardan-asyrlara kämilleşip, halkyň ruhuny, içki dünýäsini özüne siňdiripdir. Muňa türkmen bedewini mysal almak hem ýeterlikdir. Bedewiň keşbi türkmen halkynyň ganyna, süňňüne şeýle bir ornaşypdyr welin, ony wasp etmedik hiç bir şahyr, hiç bir dessançy bolmandyr. Bedew türkmeniň ýow gününde ýoldaşy, toýda syrdaşy bolupdyr.

Türkmeniň bedewe berýän bahasy, oňa öz durmuşynda aýyrýan orny başgadyr. Biziň milletimiz aty abraý, dereje, mertebe hasaplap, bedewsiz durmuşy göz öňüne getirip bilmändir. Öz gözelligi we ýyndamlygy bilen meşhur bolan ahalteke bedewlerini ýetişdirmek üçin halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen seýisçilik mekdebiniň uly ähmiýeti bardyr. Ahalteke bedewleri dünýäde gözellikde we ýakyn aralyga çapmakda ýyndamlygy bilen ýaryşlarda baýrakly orunlary eýeleýärler.

Aslyny gadymyýetiň jümmüşinden alyp gaýdýan türkmeniň seýisçilik sungaty ahalteke bedewini dünýäni haýrana goýýan keşbine getiripdir.

Ahalteke bedewiniň kemala gelmegine türkmenleriň şol mahalky ýaşaýyş-durmuş ýörelgesi täsir edipdir. Ahalteke bedewi atly ýöriş üçin örän gowudyr, onuň hereketi çeýe bolup, çapyksuwary ýadatmaýar. Ussat seýisleriň aýtmagyna görä, çapyksuwaryň gödekligi bedewe juda ýokuş degýär.

Ahalteke bedewi öz ata-babalaryndan çydamlylygy alypdyr. Ahalteke bedewiniň Garagum sährasynda seýislenenligi bilen bagly aýagyny keýik ýaly urmak endigi görenlerde ýere galtaşmazdan, ýüzýän ýaly duýgyny döredýär. Bu hereketi ahalteke bedewlerine akyp ýatan çägede-de ýöremäge kömek edipdir.

Tüýüniň örän gysga we gytyk bolmagyna garamazdan, ahalteke bedewleri 30-50 dereje gyzgynlyga çenli çydamaga ukyplydyr we her hili howa üýtgemelerini, suwsuzlygy ýeňil geçirýändir.Daşky görnüşiniň näzikligine we gözelligine garamazdan, ahalteke bedewlerine adatdan daşary çydamlylyk mahsusdyr.

Taryhçylaryň aýtmagyna görä, ýowuz uruşlarda gylyç bilen ýaralanan ahalteke bedewleriniň öz arkasynda iki sany uly adamy alyp giden wagtlary bolupdyr.Bu çydamlylygy häzirki günlerde bedewleriň ýaryşlarda görkezýän ussatlyklaryndan hem görmek bolýar.

Şol ýaryşlaryň içinde iň meşhury bolsa, 1935-nji ýylda AşgabatMoskwa aralygyna geçirilen ýörişdir.

Bu aralyk 84 günde geçilip, onuň 3 gününi çapyksuwarlar Garagumuň içinden hiç bir ýerde säginmän, dynç alman geçýärler.Atlaryň hemmesi sag-salamat Moskwa baryp ýetýärler.Olaryň içinde ýeňiji bolan Tarlan atly dor bedewdir.

XIX asyrda merkezi Aziýa syýahat eden Armeniý Wamberi şeýle ýazýar: Bu owadan jandarlar olara siňdirilen azaplara degýär… Bu jandarlar hakykatdan-da örän täsin.Olaryň çapuwy we çydamlylygy hakyndaky gürrüňler asla ulaldylan däldir.

Antik ýazuw çeşmelerinde ahalteke bedewleri barada Gerodot şeýle ýazýar: Midiýa diýen ýerde Neseý sähralyklarynda şeýle bir üýtgeşik atlar ýetişdirilýär. Neseý diýende taryhçy Nusaýy, demirgazyk Eýran bilen Günorta Türkmenistany göz öňünde tutýar.

Hemme alymlaryň biragyzdan bellemegine görä, hut ahalteke bedewi çapuw atlarynyň neslinden gaýdýar. Bu bedewler beýleki at tohumlarynyň kemala gelmeginde hem uly rol oýnapdyr. Hatda arap atlarynyň döremegine hem ahalteke atlarynyň sebäp bolandygyny aýdýarlar.

Türkmenler at çapyşyklarynyň janköýerleri bolup, atlaryň seýislenmegi bilen bagly ähli zatlara uly jogapkärçilik bilen seredipdir. Bu ugurdaky köpýyllyk tejribe bolsa nesillere geçirilipdir. Daşary ýurt alymlarynyň bellemegine görä, ahalteke bedewine syçrap çapmak häsiýeti mahsus bolup, ony dogabitdi ýaryş üçin niýetlenen ata öwürýär.

Ady ahalteke aty bolsa-da bu bedewler diňe bir Türkmenistanyň çäginde däl, eýsem, Gazagystanda, Russiýanyň dürli sebitlerinde hem köpeldilýär. Elbetde, atlar howa ýagdaýyna, iýmitine we seýisçilik başarnygyna görä kemala gelýär. Meselem, altynsow reňkli bolmak diňe Garagum sährasyndan dem alan bedewlere mahsus bolmaly diýip, dünýä belli atşynaslar belleýärler.

Bu günki ahalteke bedewleri, elbetde ýüzlerçe ýyl mundan ozalky ata-babalaryndan daş keşbi boýunça tapawutlanýarlar. Häzirki behişdi bedewlerimiz geçmişde ýaryşlarda uly yz goýan Boýnow, Meleguş, Gelşikli, Arap, Gaplaň, Gyr Sakar, Pakyrpälwan atlarynyň nesillerindendir.

Gahryman Arkadagymyz türkmen bedewleriniň mertebesini has-da ýokary göterdi. Ýurdumyzda döwrebap ahalteke atçylyk toplumlary, aýlawlar, atçylyk sport merkezleri döredildi. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan bu işler dowam etdirilýär. Bu bolsa halkymyzyň göz-guwanjy bolan, nesillerden nesillere miras geçen ahalteke bedewiniň şan-şöhratynyň dünýä ýaýylýandygyna ýene bir gezek güwä geçýär.

Gülbahar Gurbanowa,

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň uly mugallymy.

Ýene degişli makalalar

ABŞ-da haýwanlaryň 40 göterimine ýok bolmak howpy abanýar
Aziadanyň uly möçberli açylyş dabarasynyň bir parçasy Parfiýa Nusaýyna bagyşlandy
20.09.2017 | “Aşgabat 2017” Oýunlarynyň açylyş dabarasynda janlandyrylan türkmeniň taryhy: Nusaý
BEDEW ATY BUÝSANJY, ALABAÝY DAÝANJY
Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi diýen bäsleşigiň ikinji tapgyry geçirildi