ABŞ-da haýwanlaryň 40 göterimine ýok bolmak howpy abanýar

ABŞ-da haýwanlaryň 40 göterimine ýok bolmak howpy abanýar

ABŞ-da haýwanlaryň 40 göterimine we ösümlikleriň üçden birine ýitip ýok bolmak howpy abanýar, bu barada Nature Serve ylmy-barlag toparynyň maglumatlaryna salgylanýan Habar 24 ýazýar.

Mundan başga-da ekoulgamlaryň 40 göteriminden gowragyna doly heläkçilik howp salýar. Olaryň hatarynda leňňeçler, kaktuslaryň käbir görnüşleri, hatda süýji suwda ýaşaýan midiýalar hem bar. Midiýalaryň ýitip ýok bolmagy has-da howpludyr, sebäbi olar suwy süzüp, derýalaryň arassalygyny üpjün edýärler. Alymlaryň aýtmagyna görä, haýwanat we ösümlik gorlarynyň ýok bolmagyndan Kaliforniýa, Tehas we ýurduň günorta-gündogary has ejir çekip biler.

Bu ylmy-barlarlar bilen ABŞ-dan we Kanadadan bolan hünärmenleriň bir müňe golaýy meşgullandy.

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

20.09.2017 | “Aşgabat 2017” Oýunlarynyň açylyş dabarasynda janlandyrylan türkmeniň taryhy: Nusaý
At türkmeniň uçar ganaty
Aziadanyň uly möçberli açylyş dabarasynyň bir parçasy Parfiýa Nusaýyna bagyşlandy
Wagtyň ählumumy hasaby buzluklaryň eremegi sebäpli üýtgäp biler
Aýsbergleriň Eremegi Dünýäniň Ýuwaş Aýlanmagyna Sebäp Bolýar