Aýsbergleriň Eremegi Dünýäniň Ýuwaş Aýlanmagyna Sebäp Bolýar

Aýsbergleriň Eremegi Dünýäniň Ýuwaş Aýlanmagyna Sebäp Bolýar

Kaliforniýanyň San Diego uniwersitetiniň geçiren ylmy-barlagynda matematiki modellerden peýdalanylyp geofiziki wakalaryň dünýäniň aýlanmagyna ýetirýän täsirleri selcerildi.

Ylmy-barlagda esasanda adamlar sebäpli howanyň üýtgemeginiň demirgazyk polýusdaky aýsbergleriň eremeginiň dünýäniň geçmişe görä has ýuwaş aýlanmagyna sebäp bolandygy anyklandy.

Dünýäniň agyrlyk merkezine aýsbergleriň eremeginiň täsir ýetirýändigi, onuň hem planetanyň ýuwaş aýlanmagyna sebäp bolýandygy beýan edildi.

Ylmy-barlagda bu ýuwaşamanyň kalendar ýylynyň soňky minudyna 1 sekundyň goşulmagy hökmünde bilinýän “artykmaç sekund” tecribesiniň yza süýşürilmegine sebäp bolcakdygy, şol çäkde 2026-ncy ýylda geçirilmegi meýilleşdirilýän sekunt goşmanyň 2029-ncy ýyla süýşürilcekdigi malim edildi.

Ylmy-barlagyň neticeleri “Nature” žurnalynda çap edildi.

Ýene degişli makalalar

Wagtyň ählumumy hasaby buzluklaryň eremegi sebäpli üýtgäp biler
Nýu-Ýorkda koronawirusyň syrly görnüşleri tapyldy
Marsda suwuň we şemalyň bolandygy barada täze subutnamalar tapyldy
Marsda suwuň we ýeliň bardygynyň täze subutnamalary tapyldy
“Akmaýanyň ýolunyň” ýaşy hasap edilişinden uly bolup çykdy
Obalylar giňişlikde oňat ýol tapýarlar