Atabetul Hakaýyk we eseriň awtory ýazyjy-şahyr Edip Ahmet Ýükneki

Atabetul Hakaýyk we eseriň awtory ýazyjy-şahyr Edip Ahmet Ýükneki

Türk dünýäsine bagyş edilen ömürler atly gepleşigimiziň bu günki sanynda 12-nji asyrda ýazylan Türk-yslam edebiýatynyň naýbaşy eserlerinden biri bolan Atabetul Hakaýyk we eseriň awtory ýazyjy-şahyr Edip Ahmet Ýükneki hakynda maglumat bermekçi.

Türkler 11-nji asyrda yslam dinine goldaw beripdir. Ilkinji musulman Türk döwleti bolan Garahanlylar döwründe ýazylan yslam-türk edebiýatynyň ilkinji eserleri biziň günlerimize çenli gelip ýetipdir. Şolardan biri hem Atabetul Hakaýyk atly eserdir. Eser, yslam dinine goldaw bermäge başlan jemgyýet üçin, bu täze ynanjy olara öz dillerinde gürrüň bermek maksady bilen ýazylýar.

Eser 12-nji asyrda Garahanly döwrüniň şahyry Edip Ahmed Ýüknek tarapyndan ýazylýar.Awtor hakyndaky maglumatlar diýseň çäkli.Eserde beýan etmegine görä, şahyryň kakasynyň ady Mahmud.Edip Ahmediň Samarkandyň golaýynda ýerleşýän Ýüknek şäherinde doglandygy bilinýär.

Alyşir Nowaýy Nesaýimül Mahabba atly eserinde şahyr Edip Ahmed hakynda gürrüň berýär.Alişir Nowaýy Edip Ahmedi türk, dindar we zehinli hökmünde häsiýetlendirýär.Edip Ahmediň arap we pars dilini gowy bilýändigi, yslam ylymlary bilen ýakyndan gyzyklanýandygy we Ymam Azamyň talybydygy nygrtalýar.

Şahyryň käbir sözleriniň we nesihatlarynyň il arasynda dilden dile geçip 15-nji asyryň ahyryna çenli gelip ýetmegi, onuň türk halkyna ýetiren täsiri taýdan diýseň möhüm. Şahyryň doglan we aradan çykan wagty hakynda hiç hili maglumat ýok.

Atabetul Hakaýyk 12-nji asyrda Hakaniýe şiwesinde ýazylan gymmatly eserlerden biridir.Eser dini-ahlak didaktiki eser hökmünde kabul edilýär.Eser, türk taryhynyň başda durmagynda taryhçylaryň we edebiýatçylaryň ylmy barlaglary taýdan uly ähmiýete eýe.

Atabetul Hakaýyk 14 bölümden ybarat.Eseriň giriş bölüminde Alla we 4 halyf hakynda öwgüli sözler aýdylandan soň, şol döwrüň emiri Muhammed İspehsalar Bege bagyşlanandygy ýazylýar.Eser 40 beýt we 101 dörtlük görnüşinde ýazylýar. “Hakykatlaryň bosagasy” manysyny aňladýan Atabetul Hakaýyk, ahlak we öwüt-ündew kytaby bolandygy üçin dolulygyna akyl-paýhaslyk bilen ýazylypdyr.

Esgeriň her bölüminde: dogruçyllyga, ylyma, ýagşylyga, parasatlylyga we kiçi göwünlilige üns çekilipdir.Eserde dünýäni, Allany, ynsany tanamagyň ýeke-täk ýolunyň bilimden geçýändigi gürrüň berilýär.Bu eseriň ýany nesihatnamanyň bilinýän 5 nusgasy biziň günlerimize çenli gelip ýetipdir.

Bu nusgalar Samarkand, Aýasofýa, Topgapy, Fuat Köprüli tarapyndan tanyşdyrlan emma birnäçe wagt soň ýiten Uzunköprü nusgasy we ilkinji gezek 2019-njy ýylda ähli taraplaýyjn tanyldyrlan Gollandiýa nusgasydyr.

Türkiýede bu eseriň bilinýän gol ýazma nusgalaryny deňeşdirip neşir eden dilçi alym Reşit Rahmeti Arat, Atabetul Hakaýykyň naýbaşy eserlerden biridigini nygtaýar.Reşit Rahmeti Arat, eser “Türk-yslam medeniýetiniň çäginde şahsyýetleri terbiýelemek üçin türk dilinde ýazylan ahlak kitabydyr” diýýär.

Eserdäki pikirler birnäçe gezek aýat, hadys ýada başga arapça beýtler bilen beýan edilýär.Eser sada türk dilinde ýazylýar.Atabetul Hakaýyk kitaby şol döwrüň şahyrlaryna öz täsirini ýetiripdir. Şol şahyrlaryň arasynda Niýazi Mysri, Sadi Şirazy, Möwlana we Ali Şir Nowaýy hem bar.

Eserde akylyň, pikiriň, pikirlenmek ukybynyň we imanyň deň derejede möhümdigi nygtalýar.Eser türk dilini öwrenýän dilçi alymlaryň ylmy barlaglary taýdan Orta türkçe döwrüne degişli üçünji eser bolmagy taýdan hem diýseň möhüm

Gepleşigimiziň bu günki sanynda Ali Şir Nowaýy döwrüne çenli ýagny 15-nji asyryň ahyryna çenli öz täsirini dowam etiren şahyr Edip Ahmed Ýükneki we onuň Atabetul Hakaýyk atly eseri barada gysgaça maglumat berdik.

TSR-nyň Türkmen dilindäki goýberlişinde Nazgül Kadorywa tarapyndan taýarlanan Türk dünýäsine bagyş edilen ömürler atly gepleşigimizi diňlediňiz. Ýene-de efirde duşuşýançak hoş sag boluň.

Ýene degişli makalalar

Horezm döwri we şol döwürde ýazylan eserler
Orta asyrda türk döwletlerinde diliň we edebiýatyň ulanylşy
Agyr atletika boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
“Döredijilik duşuşygy”
Taryhy nagyşlarda haly waspy