Atadurdy Baýramow Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi wezipesine bellenildi

Atadurdy Baýramow Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen Atadurdy Haldurdyýewiç Baýramow Türkmenistanyň Ýaponiýadaky (Tokio şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellenildi. Bu barada Türkmenistan gazeti habar berýär.

Belläp geçsek, mundan ozal Atadurdy Baýramow Russiýa Federasiýasynda (Kazan şäheri) Türkmenistanyň Baş konsuly wezipesini ýerine ýetiripdi.

Döwlet Baştutanynyň gol çeken Permanyna laýyklykda, Atadurdy Haldurdyýewiç Baýramowa Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçi diýen diplomatik dereje berildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Türkmenistanyň Kazandaky Baş konsuly saýlaw merkeziniň açylýandygy barasynda studentlere gürrüň berdi we RF galmagyň kadalary babatda ýatlatdy
Rustam Minnihanow Atadurdy Baýramowa täze wezipesinde üstünlikler arzuw etdi
Ýaponiýadaky türkmen ilçisi şol bir wagtda Awstraliýa Arkalaşygynda diplomatik wezipäni ýerine ýetirer