Türkmenistanyň Kazandaky Baş konsuly saýlaw merkeziniň açylýandygy barasynda studentlere gürrüň berdi we RF galmagyň kadalary babatda ýatlatdy

Türkmenistanyň Kazandaky Baş konsuly saýlaw merkeziniň açylýandygy barasynda studentlere gürrüň berdi we RF galmagyň kadalary babatda ýatlatdy

15-nji fewralda Tatarystanyň Elabuga şäherinde Türkmenistanyň Kazandaky Baş konsuly Atadurdy Baýramow bilen Kazan Federal uniwersitetiniň Elabuj institutynyň ýolbaşçysy Elena Merzon hem türkmen studentleri bilen duşuşygy boldy.

Bu duşuşyk barada Baş konsulhananyň saýtynda maglumat berilýär.

Baş konsul 12-nji martda Türkmenistanda geçiriljek prezidentlik saýlawlary we Kazandaky Baş konsulhanada gurnalýan saýlaw merkezi barada gürrüň berdi.

Şeýlede ol studentlere Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň nebit-gaz, maşyn gurluşygy, gämi gurlyşygy we beýleki pudaklaryna kadrlar taýýarlygynyň zerurdygy babatda gürrüň berdi. Çünki, “häzir ýurtda örän iri ykdysady taslamalar şol sanda, tatar şirketleriniň gatnaşmagynda durmuşa geçirilýär”.

Baýramow studentlere Russiýada galmagyň kadalaryny berjaý etmegiň zerurdygyny hem ýatlatdy we meseleleri çözmek üçin Baş konsulhana bilen aragatnaşyk saklamagy sorady.

Uniwersitetiň metbugat gullugynyň habaryna laýyklykda, Ýelena Merzon müňden gowrak türkmenistanly okaýan ýoj-da Baş konsul bilen studentleriň duşuşygynyň möhümdigini belledi.

“Türkmenistanyň raýatlary wiza almakdaky,pasportlaryň möhletini uzaltmakdaky meseleleri çözmegi şeýlede bilim almak üçin meseleleri anyklaşdyrmagy Atadurdy Haldurdyýewiç bilen ýüzbe-ýüz maslahatlaşyp bildiler”ýoj-nyň saýtynda aýdylýar.

Hakykatda, diplomatlar çet ýurtlardaky raýatlarynyň meselelerini äsgermezçilik edýärler.Mysal üçin, 2021-nji ýylyň martynda Atadurdy Baýramow bilen duşuşygynda studentler maliýe meseleler, serhetleriň ýapyklygy we daşary ýurt pasportlaryny uzaltmagyň mümkin däldigi barada arz-şikaýat etdiler.

Pul geçirmekdäki çäklendirmeler barada jogap beren türkmen diplomaty olaryň ýatyrylmagyna ýa-da gowşadylmagyna garaşmaly däldigini aýdypdy.Studentleriň öýlerine dolanmaklary babatda Baýramow 2023-nji ýyldan owal garaşmaly däldigini, okuwyny gutaranlaryň ýörite uçarlar bilen alynyp gidiljekdigini, ýaşlaryň goşuna gitmelidigini nygtapdy.

Ýaş adamlaryň pasportlary babatda 6 aýlyk güýji bolan güwänamalary alyp biljekdikleri aýdylypdy.

The post Türkmenistanyň Kazandaky Baş konsuly saýlaw merkeziniň açylýandygy barasynda studentlere gürrüň berdi we RF galmagyň kadalary babatda ýatlatdy first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Bloomberg Russiýanyň bugdaýyň dünýä bazarynda öňdeligini habar berdi
PKK-nyň Belgiýadaky meçew beriji hereketlerine türk raýatlar nägilelik bildirdi
Ermenistan Rus Serhetçileriniň Işiniň Bes Edilmegi Hakynda Karar Kabul Etdi
Alen Delonyň öýünde köp sanda ýarag ele salyndy
Şweýsariýada resmi taýdan Prezident çalyşdy
Ýewraziýa  Döwletleriniň Gün Tertibindäki Wakalar