Atçylyk sporty ulgamynda hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Atçylyk sporty ulgamynda hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2026-njy ýylyň 22-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Muhammetgeldi Aýazow bilen Saud Atçylyk Federasiýasynyň Ýerine ýetiriji başlygy Fuad bin Fahad Ibrahimiň arasynda duşuşyk geçirildi.

Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.Duşuşykda Fuad bin Fahad Ibrahim Federasiýanyň işi we atçylyk sporty boýunça geçirilýän milli we halkara çäreleri barada giňişleýin maglumat berdi.

Ilçi M.Aýazow 2026-njy ýylyň Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at-myradyň mekany ýyly diýlip yglan edilendigini barada mälim etdi. Şeýle hem Ilçi Türkmenistanda atçylygy ösdürmäge, ahalteke atlarynyň sanyny köpeltmäge we dünýäde türkmen bedewleriniň abraýyny ýokarlandyrmaga uly üns berilýändigini belledi.

Duşuşykda türkmen diplomaty Saud Atçylyk Federasiýas bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak barada pikir alyşdy.

Ýene degişli makalalar

Aşgabat 2017 oýunlarynyň açylyş dabarasy boldy
17.09.2017 | Olimpiýa stadionynda Aşgabat 2017 oýunlarynyň açylyş dabarasy boldy
17.09.2017 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow: häzirki zaman dünýäde sport halkara hyzmatdaşlygyň ähmiýetli düzüm bölegidir
27.09.2017 | Olimpiýa stadionynda V Aziadanyň ýapylyş dabarasy boldy
29.09.2017 | Dünýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri: “Aşgabat 2017” Aziýa oýunlarynyň iň gowusy!