Audi Formula 1-e dolanýar

Audi Formula 1-e dolanýar

Audi 2026-njy ýylda geçjek Formula 1 çempionatyna dolanýandygyny resmi görnüşde mälim etdi. FIA-nyň Bütindünýä geňeşi 2026-njy ýylda hereket etjek güýç gurluşlarynyň reglamentini tassyklanyndan 10 gün geçensoň şeýle beýannama berdi.

Umuman alanyňda, hereketlendirijiler häzirkisi ýaly - göwrümi 1,6 litrlik V6, turbo üfleýjili, ERS we MGU-K ulgamly bolmagynda galar.Möhüm aýratynlygy - özeni diýseň çylşyrymly ulgam bolan MGU-H ýylylyk generatory goýulmady. Şonuň bilen birlikde, MGU-H-niň kuwwaty 350 kWt çenli ýokarlanýar, jemini jemlände bolsa täze güýç gurluşy 1000 at güýjüni berer.

Audiniň hereketlendirijileri kompaniýanyň Dunaý boýundaky Noýburg (Germaniýa) şäherinde ýerleşen zawodynda işlenip taýýarlanar.Olary haýsy toparyň öz bolidlerine goýjagy barada hiç zat aýdylmaýar, ýöne myş-myşlara ynansaň, ol Sauber bolmaly.

Häzirki wagtda F1-de güýç gurluşlaryny öndürýän zawodyň diňe dört sanydygyny ýatladýarys: Hondanyň geçen ýylky üsti ýetirilip işlenen hereketlendirijisi goýlan Red Bull, Ferrari, Renault we Mercedes.

Ýene degişli makalalar

Pariž awtoulag sergisi başlady
Öňdebaryjy Kroon-Oil motor we transmissiýa ýaglary indi Türkmenistanda
Öňdebaryjy Kroon-Oil motor we transmissiýa ýaglary indi Türkmenistanda
90-njy awtoulag sergisi
Eýran Kuweýdiň nebit tankerini nyşana aldy
Türkmenistan — BMG: hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ugrunda