“Tudana” kärhanasy ýertudananyň ilkinji tapgyryny Dubaýa iberdi

“Tudana” kärhanasy ýertudananyň ilkinji tapgyryny Dubaýa iberdi

Türkmenistanyň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda ýerleşýän “Tudana” kärhanasy ýertudananyň ilkinji tapgyryny Dubaýa iberdi. Bu barada kompaniýa sosial ulgamlarynda penşenbe güni habar berdi.

“Tudana” kärhanasynyň hünärmeniniň 12-14-nji maý aralygynda geçirilen “Agro Pack Turkmenistan — 2026” atly halkara serginiň çäklerinde “Biznes Türkmenistan” neşirine habar bermegine görä, kärhana öz önümlerini Russiýanyň bazarlaryna hem ugratmak boýunça işleri alyp barýar.

“Kärhana 15 gektar ýerde ýerleşýan ýyladyşhanada ýertudana ösdürip ýetişdirýär. Häzirki wagtda bolsa umumy meýdany 30 gektar bolan ýyladyşhananyň gurluşygy alnyp barylýar we birnäçe ýyldan onuň işe girizilmegi göz öňünde tutulýar” diýip, kärhananyň hünärmeni gürrüň berdi.

“Tudana” haryt nyşanly önümler Türkmenistanyň çägindäki 300-den gowrak söwda nokatlaryna satuwa çykarylýar hem-de Gazagystana we Özbegistana eksport edilýär.

Ýene degişli makalalar

Astrahan ununy öndüriji “AgroEksport” kompaniýasy türkmen bazarynda un üpjünçiligini artdyrar
“Agro Inženerçilik” ýyladyşhanalaryň içini howalandyrmak üçin enjamlaryň önümçiligini ýola goýdy
Telekeçileriň ençemesi ýol gurluşygy boýunça bäsleşikde korrupsiýanyň höküm sürýändigini aýdýar, resmi muny ret edýär
Türkiýäniň söwda ministri Aşgabada sapar bilen geler
Türkmenistanyň Mejlisi birnäçe halkara ylalaşyklary tassyklady
Türkmenistan BSG-ä goşulmaga taýýarlyk görýär