Awaza milli syýahatçylyk zolagynda çagalar wagtlaryny hoş geçirýärler

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at-myradyň mekany ýylynyň tomusky dynç alyş möwsümi Awaza milli syýahatçylyk zolagynda hem guramaçylykly dowam edýär. Şu günlerde sagaldyş-dynç alyş merkezlerinde wagtlaryny hoş geçirýän çagalaryň al-asmana göterilýän bimöçber şatlyk-şowhunam oňa aýdyň şaýatlyk edýär.

Balkan welaýat häkimliginiň Awaza milli syýahatçylyk zolagyndaky Balkan çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde-de bellenilen meýilnamalar esasynda göwün göteriji işler gyzgalaňly alnyp barylýar.Ajaýyp merkezde Günbatar sebitiň etraplardyr şäherlerinden gelen çagalaryň her tapgyrda 100-si dynç alýar.

Bu ýerde birek-birek bilen dostlaşýan körpeler wagtlaryny diýseň şatlykly, peýdaly geçirýärler, saglyklaryny berkidýärler. Ösen enjamlar ornaşdyrylan gulluk, hojalyk, dynç alyş we kompýuter otaglary, kitaphana, naharhana, sport zallary...bolsa çagalaryň hyzmatynda.

Bagtyýar nesiller meşhur zolakda döredip berlen birnäçe taýsyz eşretlere buýsanmak bilen, Berkarar döwletimizi dünýäniň ösen ýurtlarynyň derejesinde gülledip ösdürmek ugrunda ýadawsyz tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyz hormatly Prezidentimize ähli älem gowulyklaryny tüýs ýürekden arzuw edýärler.

Mawy deňziň kenaryny bezäp oturan seýilgähler, myhmanhanalar, sagaldyş-dynç alyş merkezleri, medeni-sport hem-de beýleki ugurdaş toplumlaram çagalaryň kalbyny hasam joşdurýar.Baý many-mazmuna beslenýän gyzykly, täsirli gezelençlerem çagalarda ýatdan çykmajak ýakymly täsirleri galdyrýar.

Has takygy, Awaza milli syýahatçylyk zolagynyň gözel, taryhy ýerlerinde, Awaza akwoparkynda, Älemgoşar, Jadyly kenar, Deňiz merjeni oýun-attraksionly seýilgählerinde, Gämiler dünýäsi muzeýinde gyzykly gezelençlerde bolýarlar.Awaza derýasyna, Hazaryň deňiz giňişliklerine guralýan gämili gezelençlerem özboluşlylygy, üýtgeşik ýakymydyr täsirleri bilen tapawutlanýar.

Kalplary şatlyk-buýsançdan püre-pür bolan körpeleriň ýerine ýetirýän aýdym-sazlary, döredijilik toparlarynyň şowhunly çykyşlaram goja Hazaryň kenaryna ýaň salýar.Mundan başga-da çagalar döredijilik çärelerinde goşgulary labyzly okamak, aýdym aýtmak, saz çalmak, tans etmek, sahnalarda dürli keşpleri janlandyrmak, surat çekmek boýunça özara bäsleşýärler.

Merkezde Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at-myradyň mekany ýylyna bagyşlanyp geçirilýän medeni-sport çärelerem ýokary derejede ýaýbaňlandyrylýar.Aýdym-sazlaryň alyslara ýaýraýan joşgunly owazlary bolsa körpeleriň şadyýan sesleri, erkana gülküleri bilen utgaşyp, täsin künjegiň şatlyk-şowhunyny hasam artdyrýar. Ýakynda biz bu ýerde bolanymyzda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň başlygy Umyt Baýhanow bilen duşuşyp, ondan merkezlerde geçirýän işleri hakynda gürrüň bermegini haýyş etdik. Şonda ol: Biz diňe Balkan çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezinde däl, eýsem, ýurdumyzyň sebitlerine degişli beýleki merkezlerde-de degişli çäreleri, wagyz-ündew işlerini gurap durýarys. Şeýle işleri Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Awaza milli syýahatçylyk zolagyndaky Daýanç, Türkmennebit döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň Arzuw çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde hem geçirýäris.

Diýarymyzyň ähli welaýatlaryndan we Aşgabat, Arkadag şäherlerinden gelen ruhubelent çagalar bilen işleşmek hasam ýakymly.Olaryň arasynda merkezleriň hünärmenleri, şeýle-de ýerli jemgyýetçilik guramalarynyň, bilim, medeniýet, sport edaralarynyň wekilleri bilen bilelikde çäreleri yzygiderli guraýarys. Şeýle-de zehin, döredijilik bäsleşikleriniň, aýdym-sazly dabaralaryň, sport ýaryşlaryň, milli oýunlaryň dowamynda biz taryhy eýýamymyzyň zehinli, ählitaraplaýyn sazlaşykly ösýän bagtyýar nesilleriniň kemala gelýändigine guwanýarys.

Arkadagly nesillerem Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň beýik ösüşleridir eşretlerine buýsanyp, dynç almak, okamak, öwrenmek, döretmek ugrunda döredip berlen hemme nusgalyk şertlerdir mümkinçilikler üçin çäksiz sag bolsunlaryny aýdýarlar.

Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, ägirt uly işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýärler diýip, guwançly gürrüň berdi.

Ýene degişli makalalar

Dünýäniň iň gymmat brendleri
ÝAŞLAR BIZIŇ GELJEGIMIZ
Erdogan Partiýasynyň Mejlis Toparynyň Maslahatyna Gatnaşdy
Berdimuhamedow saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň işgärlerini hünär baýramy bilen gutlady
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň işgärlerine
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman...