Awazada Hazar deňzi dostluk we ylalaşyk deňzi atly ylmy-amaly maslahaty geçirildi

Awazada Hazar deňzi  dostluk we ylalaşyk deňzi atly ylmy-amaly maslahaty geçirildi

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Awaza milli syýahatçylyk zolagynyň kenarýakasynda şanly sene Hazar deňziniň güni dabaraly bellenildi.

Bu halkara baýramçylyk her ýyl ähli kenarýaka ýurtlary, şol sanda Türkmenistan tarapyndan gol çekilen Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly konwensiýanyň (Tähran konwensiýasynyň) güýje giren gününde geçirilýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly şygary bilen geçýän şu ýylda bu resminamanyň gol çekilenine 20 ýyl doldy.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň habar bermegine görä, baýramçylyk çäreleriniň çäklerinde şu gün Awazada ylmy-amaly maslahat, sergi, sport ýaşlary, döredijilik bäsleşikleri, şeýle hem welaýatyň aýdym-saz toparlarynyň çykyşlary guraldy.

Baýramçylyk çäreleriniň maksatnamasy Awaza milli syýahatçylyk zolagyndaky Hasyl myhmanhanasynda geçirilen Hazar deňzi dostluk we ylalaşyk deňzi atly ylmy-amaly maslahat bilen açyldy. Maslahaty Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýardam bermeginde Daşky gurşawy goramak ministrligi hem-de Balkan welaýatynyň häkimligi gurady.

Utgaşykly görnüşde geçen foruma hökümet agzalary, Mejlisiň, ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ugurdaş düzümleriniň we ylmy jemgyýetçiliginiň ýolbaşçylary gatnaşdylar.Myhmanlaryň hatarynda hazarýaka döwletleriň, şeýle hem Gruziýanyň we Rumyniýanyň Türkmenistandaky ilçihanalarynyň, abraýly halkara we sebii guramalarynyň BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasynyň, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw baradaky maksatnamasynyň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabatdaky merkeziniň, BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO), Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk jemgyýetiniň (GIZ) hem-de beýleki guramalaryň wekilleri gatnaşdylar.

Olar öz çykyşlarynda Hazar deňzi sebitinde parahatçylygy, hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy saklamagyň möhümdigi barada gyzyklanma bildirýän ählitaraplaryň garaýyşlarynyň birdigini nygtap, Hazaryň ygtybarly ekologiýa goraglylygyny üpjün etmek hem-de onuň umumy abadançylygyň we rowaçlygyň bähbitlerine laýyk gelýän kuwwatyny ösdürmek işinde halkara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak babatda pikirlerini beýan etdiler.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda “Merkezi AziýaÝB” formatynda daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçiriler
Türkmenistanda iki sany agaç nahalhanasynyň gurluşygy tamamlandy
Türkmenistanda Amyderýa basseýnindäki ýerleriň degradasiýasynyň kadalaşdyrylmagy maslahatlaşyldy
Türkmenistan bilen Italiýa ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşini maslahatlaşdy
Tüwiniň dünýädäki bahasy geçen 12 ýylda iň ýokary derejä ýetdi
FAO: Awgust aýynda dünýäde azyk önümleriniň bahalary peseldi