Türkmenistan bilen Italiýa ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşini maslahatlaşdy

Türkmenistan bilen Italiýa ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşini maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Italiýanyň Rim şäherine iş saparynyň çäklerinde çarşenbe güni Wise-premýer we Italiýanyň Daşary işler ministri Antonio Taýaniniň arasynda gepleşikler geçirildi.

Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, iki ýurduň daşary işler ministrleri syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanpewer ulgamlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem duşuşykda halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde bilelikdäki hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi bellenildi.

Duşuşygyň barşynda 2024-2025-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň we Italiýanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda hyzmatdaşlyk maksatnamasyna gol çekildi.

Şeýle-de Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow şol gün Halkara oba hojalygyny ösdürmek gaznasynyň Prezidenti Alwaro Lario bilen duşuşdy. Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen bu guramanyň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we oba hojalygy pudagynda hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşdylar.

Mundan başga-da, türkmen wekiliýeti 20-nji martda Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalygy guramasynyň (FAO) Baş direktorynyň orunbasary Maurisio Martina bilen duşuşygy geçirdi.

Türkmen wekiliýeti we FAO-nyň Baş direktorynyň orunbasary bilelikdäki taslamalar we meýilleşdirilýän işler barada pikir alyşdylar. Duşuşykda Türkmenistanyň howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly azyk howpsuzlygy pudagyndaky hyzmatdaşlygy güýçlendirmek meýilleri beýan edildi.

Ýene degişli makalalar

Daşary işler ministri Rimde Halkara oba hojalygyny ösdürmek gaznasynyň prezidenti bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Italiýadaky Ilçisi IFAD-yň täze bellenilen Prezidenti bilen duşuşdy
Aşgabatda “Merkezi AziýaÝB” formatynda daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçiriler
Tüwiniň dünýädäki bahasy geçen 12 ýylda iň ýokary derejä ýetdi
Awazada Hazar deňzi dostluk we ylalaşyk deňzi atly ylmy-amaly maslahaty geçirildi
FAO: Awgust aýynda dünýäde azyk önümleriniň bahalary peseldi