Daşary işler ministri Rimde Halkara oba hojalygyny ösdürmek gaznasynyň prezidenti bilen duşuşdy

Daşary işler ministri Rimde Halkara oba hojalygyny ösdürmek gaznasynyň prezidenti bilen duşuşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Halkara oba hojalygyny ösdürmek gaznasynyň prezidenti Alwaro Lario bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

2024-nji ýylyň 20-nji martynda bolan duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen bu guramanyň arasyndaky gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we oba hojalygy pudagynda hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşdylar.

Habarda bellenilişi ýaly, şol gün türkmen wekiliýetiniň Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalygy guramasynyň (FAO) Baş direktorynyň orunbasary Maurisio Martina bilen duşuşygy geçirildi.

Taraplar bilelikdäki taslamalar we meýilleşdirilýän işler barada pikir alyşdylar. Duşuşykda Türkmenistanyň howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly azyk howpsuzlygy pudagyndaky hyzmatdaşlygy güýçlendirmek meýilleri beýan edildi.

Taraplar oba hojalygynda hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny öwrenmek barada ylalaşdylar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan bilen Italiýa ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşini maslahatlaşdy
Türkmenistanyň Italiýadaky Ilçisi IFAD-yň täze bellenilen Prezidenti bilen duşuşdy
Messi, Mbappe, Benzema FIFA-da ýylyň futbolçysy kim bolar, dalaşgärler mälim edildi
Ronaldonyň 1200-nji duşuşygy
“La Ligada” “Žironanyň” liderligi dowam edýär
“Real Madrid” her gezegem toparçadan çykmagy başardy