Awazada türkmen telekeçileri tarapyndan tagamlaryň sergisi guraldy

Awazada türkmen telekeçileri tarapyndan tagamlaryň sergisi guraldy

Şu gün Awaza milli syýahatçylyk zolagynda gurlan Rowaç kottejler toplumynyň açylyş dabarasynyň dowamynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň jemgyýetçilik iýmiti ugrunda iş alyp barýan agzalary tarapyndan guralan dürli görnüşli tagamlaryň görkezilişini synlady. Bu barada Türkmenistan gazetiniň elektron neşiri habar berdi.

Nygtalyşy ýaly, bu özboluşly sergide hödürlenen datly tagamlar türkmen desterhanynyň berekedi, milli we dünýä aşpezliginiň tagam taýýarlanyş aýratynlyklary bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berdi.Milli we daşary ýurt tagamlarynyň görkezilişine gatnaşýan telekeçilik düzümleriniň hatarynda Gül Zaman, Altyn toý mekany, Hezzet, Toý mekany-hyzmat, Ýigit, Erteki Älemi hojalyk jemgyýetleri, Soltan, Köpetdag, Altyn Çag restoranlary, MADO kafesi, Zemin kafe-restorany, Miweli ülke hususy kärhanasy, şeýle-de arassalanan agyz suwuny, alkogolsyz içgileri, miwe şirelerini öndürýän kärhanalar bar.

Biziň milli aşhanamyzyň gadymy taryhy bolup, ol türkmen halkynyň medeniýeti, däp-dessurlary, tebigy-ýerleşiş şertleri bilen baglanyşyklydyr. Şoňa görä-de, häzirki sergide türkmen aşpezleri tarapyndan taýýarlanan tagamlaryň hatarynda çorbanyňdyr palawyň dürli görnüşleri, dograma, ýarma, etden we balykdan taýýarlanan naharlar, işlekli, dürli huruşly gutaplar, çekdirme, tamdyrlama, kakmaç, işdäaçarlardyr süýjülikler we beýlekiler bar.

Bu ýerde kafedir restoranlarda ildeşlerimiziň uly isleginden peýdalanýan dürli görnüşli daşary ýurt tagamlaryna hem giň orun berlipdir.

Ýene degişli makalalar

Türkmen telekeçileri öz önümlerini Italiýada geçirilýän azyk sergisinde görkezýärler
USAID GLOBALG.A.P. sertifikatyny almak üçin Türkmenistanyň iň uly badam öndürijisine goldaw berýär
Ýaltalygyň dermany
BB: Dünýä ilatynyň 7 göterimi 2030-njy ýylda garyplygyň çäginde ýaşar
2024-nji ýylda Zeminiň ilatynyň tas ýarpy bölegi saýlawlara gatnaşar
Gül Zemin SDAM-daky Soltan restorany — maşgala dynç alşy üçin ajaýyp ýer
Ýene-de Şammy. Aşgabatdaky meşhur baryň müşderileri 'ýegeniň' gazabyna duçar boldy