2024-nji ýylda Zeminiň ilatynyň tas ýarpy bölegi saýlawlara gatnaşar

2024-nji ýylda Zeminiň ilatynyň tas ýarpy bölegi saýlawlara gatnaşar

2024-nji ýylda dünýäniň ýurtlarynyň 50-den gowragynda Prezident we Parlament saýlawlary geçer, ol ýurtlara dünýäniň Jemi içerki önüminiň 54 göterimi degişli bolup, planetadaky her ikinji adam ýaşaýar diýip, RIA Nowosti habar berýär.

Iň köpsanly saýlawlar Hindistanda geçer, 2022-nji ýylyň ahyryndaky ýagdaýa görä, bu ýurtda saýlawçylaryň 945 milliony ýaşaýar. Hindistanyň JIÖ-si 2022-nji ýylyň jemleri boýunça 3,4 trillion dollary düzdi.

Ykdysady taýdan hem, demografiki babatda-da iň kiçi saýlawlar Tuwalu ada-döwletde geçer, 2022-nji ýylda ol ýerde 11 müň adam ýaşaýardy, JIÖ bolsa, 59 million dollara deň boldy.

Saýlawlar şeýle hem BRIKS guramasynyň agzalary bolan Russiýada, GAR-da we Eýranda bolar. Jemi alnanda, olarda 293 million adam ýaşaýar, 3,1 trln dollarlyk haryt öndürilýär (dünýäniň JIÖ-niň 3 göterimi).

Tomusda Ýewropa Parlamentinde hem saýlawlar geçer. Şeýle-de Prezident ýa-da Parlament saýlawlary Awstriýada, Belgiýada, Litwada, Slowakiýada, Portugaliýada, Rumyniýada, Horwatiýada we Finlýandiýada geçer.

Dünýäniň iri ykdysadyýetli döwletlerinde hem saýlawlar bolar. Olaryň hatarynda ABŞ, Günorta Koreýa, Meksika we Indoneziýa bar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan JIÖ-niň adam başyna düşýän mukdary boýunça öňdebaryjy boldy
2022-nji ýylyň bäş aýynda Azerbaýjanyň JIÖ-i 7 göterimden geçdi
Türkiýäniň JIÖ-i birinji çärýekde 7,3 göterim ösüş görkezdi
Hünärmenler: iň baý 10 adamyň baýlygy Ýer ýüzüniň ýaşaýjylarynyň 40%-iniň umumy baýlygyndan ýokarydyr
Gyrgyzystanyň JIÖ-i dört aýda 8,5 göterim artdy
Gyrgystanyň JIÖ-i dört aýda 8,5 göterim artdy