Awazadaky festiwal şäherde hereketi, kenarda aýal-gyzlaryň suwa düşmek mümkinçiligini çäklendirdi

Awazadaky festiwal şäherde hereketi, kenarda aýal-gyzlaryň suwa düşmek mümkinçiligini çäklendirdi

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde ilatyň we awtoulaglaryň hereketi ýiti çäklendirilip, gözegçilik güýçlendirildi. Hazar deňziniň türkmen kenarynda aýal-gyzlara ýapyk eşikde suwa düşmek tabşyryldy. Bu çäreleriň ählisi “Awaza - 2023” atly halkara tans we folklor festiwalynyň açylyş dabarasy bilen bagly boldy. Bu aralykda, Mary welaýatynda Medeniýet hepdeligine bagyşlanan köpçülikleýin çäre geçirildi. Oňa edara-kärhanalaryň işgärleri mejbury gatnaşdyryldy.

“Şu gün Awaza syýahatçylyk zolagy adaty adamlar üçin doly ýapyldy. Sebite kanun goraýjy edaralaryň gözegçiligi güýçlendi. Awazadaky myhmanhanalar hem dynç alýan myhmanlardan başga adamlar üçin doly ýapyldy” diýip, Azatlyk Radiosynyň bu ýagdaýlara şaýat bolan sebitdäki habarçysy 14-nji iýunda aýtdy.

Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýän Türkmenbaşyda we onuň töweregindäki etrapçalarda hereket hem tas doly togtady. 13-nji iýunda, günüň ikinji ýarymynda Türkmenbaşynyň howa menzili hem adaty raýatlar üçin ýapyldy.

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda “Awaza - 2023” atly halkara tans we folklor festiwalynyň açylyşy bilen bagly geçirilýän bu çäreleriň hatarynda sebitiň kafelerinde we restoranlarynda, şeýle-de köçelerde çilim çekmek we alkogol içmek hem gadagan edildi.

“Hazar deňziniň kenarynda aýal-gyzlara ýapyk eşikde suwa düşmek hem tabşyryldy.Kanun goraýjy edaralaryň işgärleri munuň sebäbini howpsuzlyk, ahlak we terbiýe’ diýen sözler bilen düşündirýärler, ýöne doly maglumat bermeýärler we bu çäklendirmäniň birnäçe gün dowam etjekdigini aýdýarlar.

Köp syýahatçy özüni dynç almaga gelen ýaly däl-de, uruşda ýesir düşen ýaly duýýandygyny aýdýar” diýip, ýerli syýahatçylaryň biri habarçymyza gürrüň berdi.

TDH 13-nji iýunda bu festiwala gatnaşmak üçin halkara guramalaryň, ugurdaş edaralaryň ýolbaşçylarydyr wekilleriniň, alymlaryň, medeniýet işgärleriniň Awaza gelendigini habar berdi. Prezident Serdar Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan geçirilýän we dünýä halklarynyň sungatyna bagyşlanandygy aýdylýan çäre 13-16-njy iýun aralygynda geçirilýär.

Festiwala görülýän taýýarlyklar birnäçe gün öňünden başlandy. Taýýarlyklaryň çäginde Türkmenbaşyda we Awazada giň gerimli arassaçylyk işleri geçirildi. Arassaçylyk işleriniň ýerine ýetirilmegi üçin welaýatyň beýleki etraplaryndan býujet işgärleri getirildi.

“Jemagat hojalygy edaralarynyň işgärleri bilen bir hatarda, edara-kärhanalaryň işgärleri hem köçeleri süpürip, haşal otlary arassaladylar. Olar 13-nji iýunda öz etraplaryna iberildi” diýip, ýagdaýdan habarly balkanly býujet işgäri aýtdy.

Balkanly býujet işgärleriniň birnäçesi iýun aýynyň ahyrynda geçiriljek Medeniýet hepdeligine taýýarlyklaryň hem başlanandygyny aýdýar.

“Bu hepdeligiň dowamynda geçiriljek köpçülikleýin çärelere gatnaşjak býujet işgärleriniň sanawy düzülýär. Käbir edaralarda işgärleriň öňünden planlaşdyrylan dynç alyşlary goýbolsun edilýär” diýip, ýagdaýdan habarly çeşmämiz aýtdy.

Bu aralykda, Maryda Medeniýet hepdeligine bagyşlanan köpçülikleýin çäreler eýýäm geçirilip başlandy. Şeýle çäreleriň biri 13-nji iýunda Mary şäheriniň merkezi kitaphanasynyň öňünde geçirilip, adatça bolşy ýaly oňa býujet işgärleri gatnaşdyryldy. Çärä gatnaşan aýal-gyzlaryň aglabasy keteni köýnek, tahýa, ýaglyk ýaly milli egin-eşikleri geýmäge borçly edildi.

“Çäre üçin taýýarlyklara, şol sanda bezeg işlerine irden sagat 7-de girişildi. Ikindin sagat 5-de çäre başlady. Kitaphananyň öňündäki Mollanepes köçesi ýapyldy. Çäre adamlaryň işden boşaýan wagtynda geçirilendigi sebäpli Aşgabat köçesinde ulaglaryň uly dyknyşygy emele geldi” diýip, ýagdaýlara şaýat bolan maryly habarçymyz aýtdy.

Türkmenistanda indi ençeme ýyl bäri her ýylyň iýun aýynyň ahyrynda Medeniýet hepdeligi geçirilýär. Şu ýyl 22-27-nji iýunda belleniljek bu hepdeligiň dowamynda Medeniýet we sungat işgärleriniň we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli baýramçylyk dabaralary geçiriler.

Köplenç ýurduň öňki prezidenti, häzir Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 29-njy iýunda bellenilýän doglan gününe gabat gelýän bu hepdeligiň dowamynda daşary ýurtly bagşy-sazandalaryň konsertleri hem gurnalýar.

Galyberse-de, TDH bu ýyl, 24-29-njy iýun aralygynda ýurtda Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) döredilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli Türki döwletleriň Medeniýet hepdeliginiň hem geçiriljekdigini habar berýär. Oňa Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Türkiýäniň we Özbegistanyň wekilleriniň, şeýle hem TÜRKSOÝ-yň Sekretariatynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagyna garaşylýandygy bellenilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Ankarada Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli çärelere badalga berildi
Ysmail Gaspyraly
Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň açylyşynda yşyklaryň we dronlaryň üsti bilen şekilleriň görkezilişi, baýramçylyk feýerwerki guralar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmen wekiliýeti Bakuwda geçirilen halkara maslahata gatnaşdy
Aşgabatda Türkmen topragy gadymy medeniýetleriň merkezi atly metbugat maslahaty geçiriler
Türki dünýäsiniň medeni mirasy we Türkmenistan atly bäsleşik geçirilýär