Awtoulagyň döwrebap taryhy

Adamyň ýa-da haýsydyr bir iş haýwanynyň güýjüni ulanmazdan, energiýa sarp etmek arkaly hereket edip bilýän arabanyň çykanyna bir asyrdan has köp wagt geçdi.Ilkinji ulaglaryň biri “Atsyz araba” diýlip atlandyrylýar. Ýagny, ulag şol döwürdäki at arabalaryna meňzeş edilip ýasalypdyr.

Ilkibaşda, aşa ses we tüsse çykarýan awtoulaglara geldigeçer höwes hökmünde hem “baha berlipdir”.Köp adam bu ulaglaryň hiç haçan at arabanyň ýerini tutup bilmejekdigini aýdypdyr. Ýyllaryň dowamynda tehnologiýa ösüp has kämil ulaglar peýda bolupdyr.

Geçen asyryň başlarynda diňe bir nebit ýangyjy däl, eýsem elektrik energiýasy bilen işleýän ulaglar köpçülikleýin öndürilipdir. Şol döwür köçelerde hereket edýän elektroulaglaryň sany nebit ýangyçly ulaglardan hem köp bolupdyr. 1911-nji ýylda nebitiň ummasyz gorunyň üstüniň açylmagy bilen awtoulag senagaty güýçli depginler bilen ösüp başlaýar.

Ilkibaşda bir-birden ýasalýan ulaglar konweýerlerde has gysga wagtda köpçülikleýin öndürilip başlaýar.Bu ýagdaý onuň bahasyny ep-esli arzanladyp, hemmeler üçin elýeterli edýär.Soňky ýyllarda bolsa, maşynlara sungat eseri hökmünde garalyp başlanýar. Şeýlelikde, has owadan, kaşaň rahat ulaglar öndürilýär.

Dünýäniň irki awtoulag öndürijileri öz muzeýlerini döretdiler. Şeýle muzeýlere awtoulag söýüjiler uly gyzyklanma bildirýärler.Bu muzeýlerde öňki döwürlerde awtoulaga sungat eseri hökmünde garalandygyny görmek bolýar.ABŞ-da şeýle ulaglar saklanýan iki galareýa bar.

Olaryň biri Nýu-Ýork döwrebap sungat muzeýinde (MoMA), beýlekisi Detroýt Sungat institutynyň sergiler zaly.Bu iki galareýada XX asyryň iň täsin we özüneçekiji awtoulaglaryny görmek bolýar.

ABŞ-nyň Detroýt şäheri awtoulagyň watany hasaplanýar.Bu şäher “Motor City” (Motor şäheri) diýlip atlandyrylýar.Bu şäherdäki sergide 1950-nji ýyldan bäri öndürilen kaşaň ulaglar görmek bolýar. “Detroit Style: Car Design in the Motor City, 19502020” atly serginiň ýolbaşçysy Ben Kolman sergini döretmek üçin 70 ýyllyk döwürde öndürilen 12 sany ulag saýlamaly bolandyklaryny, munuň özleri üçin aňsat bolmandygyny belleýär.

Kolman awtoulagyň taryhyny däl-de, has özüneçekiji ulaglary görkezmegi maksat edinen diklerini belleýär.Sergide köpçülikleýin öndürilen ulaglary bilen bir hatarda diňe nusgalyk görnüşi öndürilen ulaglary hem görmek bolýar.

Olaryň arasynda ulaglaryň biriniň yzky gapdalynda ýüzgüje meňzeş “ganatlary” bar. 1958-nji ýylda öndürilen “General Motors Firebird III” atly ulag nusgalyk görnüşde öndürilipdir.Nusgalyk ulaglaryň ýene biri hiç hili çykgytsyz, tekiz daşky dizaýny bilen tapawutlanyp, ajaýyp aerodinamikasy bilen göreni haýrana goýýar. 1983-nji ýylda öndürilen “Ford Probe IV” atly bu ulaglar beýleki ulaglaryň dizaýnynda ylham çeşmesi bolupdyr.

Nýu-Ýorkdaky “Automania” atly serginiň açylyşy indiki ýylyň iýul aýyna süýşürilipdir.Bu serginiň myhmanlarynyň gözi ilki bilen Pikassonyň 1951-nji ýylda döreden “Baboon and Young” atly heýkeline düşer.

Sergide diňe awtoulaglary däl, eýsem awtoulaga degişli dürli şaýlary hem-de awtoulag temaly başga eserleri görmek bolar. “Automania”-da “Volkswagen Beetle” we “Ferrari Formula 1” ýaly dünýäniň giňden tanalýan ulaglaryň dokuz sanysy hem ýerleşdiriler.

The post Awtoulagyň döwrebap taryhy appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Xiaomi kompaniýasy awgustda ilkinji elektromobilini hödürlär
“Hakyda Auto” daşary ýurtlardan awtoulag getirip bermek hyzmatyny hödürleýär
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31...
TMCARFAX onlaýn hyzmaty awtoulagy satyn almazdan öň VIN kody boýunça barlamagy hödürleýär
Lexus nobata duranlaryň ummasyzdygy sebäpli LX-e we NX-e sargyt almasyny bes etdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Ýene-de üç ýyldan Ford Focus önümçilikden aýrylar