Xiaomi kompaniýasy awgustda ilkinji elektromobilini hödürlär

Xiaomi kompaniýasy awgustda ilkinji elektromobilini hödürlär

Xiaomi-niň baş müdiri we esaslandyryjysy Leý Szýun awgust aýynda kompaniýanyň ilkinji elektromobiliniň prototipini görkezer diýip, Arena EV portaly habar berýär. Muny gazeta.ru ýetirýär. Kompaniýanyň başlygy taslamanyň meýilnama boýunça ilerlenmegine gözegçilik edýär.

Prototip tanyşdyrylandan soň, ýol synaglarynyň, şol sanda awtoulagyň ilkinji gyşky synagynyň başlanjakdygy habar berilýär.Elektromobili işläp düzen topar Weltmeister Maven prototipiniň üstünde işlän Şanhaýyň HVST Automobile Design kompaniýasynyň düzümine girýär.

Belli bolşy ýaly, Xiaomi awtomobil brendini işe girizmäge taýýarlanýar we eýýäm jemgyýetçilik bilen aragatnaşyk boýunça müdiri hakyna tutdy.Täze brendiň marketing kampaniýasy prototip köpçülige hödürlenenden soň işe giriziler.

Geçen ýyl Xiaomi awtomobil bölümçesini ösdürmek üçin 10 mlrd dollar bölüp berdi.Xiaomi awtomobillerini öndürýän zawod Içžuanda gurlar.Bu ýerde kompaniýanyň gözlegler we işläp düzmeler merkezi hem ýerleşer.

Zawodyň önümçilik kuwwatynyň ýylda 300 müň awtomobil bolmagyna garaşylýar. Şeýle-de bolsa, başlangyç tapgyrda ýylda 150 müň töweregi awtomobil öndüriler, ilkinji modeller bolsa 2024-nji ýylda satuwa çykarylar.Awtomobil bölümçesiniň gözlegler we işläp düzmeler toparynda eýýäm müňden gowrak işgär bolup, ösmegini dowam etdirýär.

Häzirlikçe kompaniýa bahasy 150 müňden 300 müň ýuan aralygynda bolan dört dürli modeli çykarmagy meýilleşdirýär.

Ýene degişli makalalar

Xiaomi ulag öndürijileriň arasynda öňdebaryjy bolmagy meýilleşdirýär
Dünýäniň iň uly suw çüwdürimi
Bagaja ýatagyndaky gaýtadan işlenilýän gazyň möçberi artýar
“Lebapgazçykaryş” müdirligi 7 milliard kub metrden gowrak tebigy gaz öndürdi
Awtoulagyň döwrebap taryhy
BMW uçýan ganat öndürdi