Xiaomi ulag öndürijileriň arasynda öňdebaryjy bolmagy meýilleşdirýär

Xiaomi ulag öndürijileriň arasynda öňdebaryjy bolmagy meýilleşdirýär

Hytaýyň dürli hili durmuş maksatly tehnikalary we gajetleri öndürmek bilen meşhur bolan Xiaomi kompaniýasy awtoulag dünýäsinde öňdebaryjylaryň hataryna goşulmak isleýär. Kompaniýany esaslandyryjy Leý Szýunyň sözlerine görä, esaslandyrylanyna bary-ýogy 500 gün bolan Xiaomi Auto bölümçesi haýran galdyryjy netijeleri görkezýär. Häzir bolsa kompaniýa ünsüni sürüjisiz dolandyrylýan tehnologiýalary öndürmeklige gönükdirýär, geljek şonuň bilen bagly diýip, Leý Sýun ynandyrýar.

Xiaomi Auto eýýäm awtopilot ulgamly awtoulaglary synag etmäge girişdi. Tapgyrlaýyn öndürilmäge taýýar ulagy bolsa hytaýlylar eýýäm 2024-nji ýylda köpçülige görkezerler. Sürüjisiz tehnologiýaly elektromobilleriň ösüşine uly tagalla baryny siňdirýän Nio, Xpeng Motors we Li Auto kompaniýalary Xiaomi Auto-ny öz esasy bäsdeşi hasaplaýarlar.

Ýene degişli makalalar

Xiaomi kompaniýasy awgustda ilkinji elektromobilini hödürlär
Hytaýyň DIM-i: Türkmenistan “Bir guşak-bir ýol” taslamasynda Hytaýyň esasy hyzmatdaşydyr
Türkmenistan we Hytaý energetika hyzmatdaşlygyny ösdürmegi maksat edinýärler
Ýene-de iň uly awtoulag eksportçysy boldy
TMCARFAX onlaýn hyzmaty awtoulagy satyn almazdan öň VIN kody boýunça barlamagy hödürleýär
Lexus nobata duranlaryň ummasyzdygy sebäpli LX-e we NX-e sargyt almasyny bes etdi