Ýene-de iň uly awtoulag eksportçysy boldy

2023-nji ýylyň ilkinji bäş aýynda Hytaýdan beýleki ýurtlara 1,758 million awtoulag iberildi, bu 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 81,5% köpdür.Bu barada Hytaýyň awtoulag öndürijiler birleşigi mälim edýär. Şeýlelikde, Hytaý ýene-de dünýäde iň köp awtoulag eksport ediji ýurt boldy. “Sohu.com” web sahypasynyň ýazmagyna görä, maý aýynda eksportyň mukdary 389 müň birlik boldy – bu bir ýyl ozalkydan 58,7%, 2023-nji ýylyň aprel aýy bilen deňeşdirilende, 3,4% köpdür.

Eksportda öňdebaryjy “SAIC Motor” döwlet korporasiýasy bolup, ýanwar-maý aýlarynda 396 müň taýýar awtoulag bilen üpjün etdi (goşmaça 5,9%). Önümleri bu bazaryň umumy göwrüminiň 21,3%-ini emele getirdi.

Ikinji orunda 319 müň netije bilen “Chery Group” durýar, bu görkezilen döwürdäki satuwlarynyň ýarysyndan gowragyny emele getirdi.Has takygy, ol maý aýynda 74 müň awtoulag daşary ýurda iberdi – bu bir ýyl ozalkydan 1,7 esse köp.

Ilkinji üçlügi “Changan Auto” ýapýar.Ol bäş aýyň içinde 163 müň awtoulag eksport etdi.

Iň uly on kompaniýanyň arasynda BYD-nyň eksporty iň çalt depginde ösdi: üpjünçilik ýylyň dowamynda 14,2 esse artyp, 69 müň ulaga ýetdi. “Great Wall”-yň görkezijisi, geçen ýyl bilen deňeşdirilende, iki esse artyp, 99 müň birlige ýetdi.

Hytaý ilkinji gezek şu ýylyň birinji çärýeginde Germaniýadan we Ýaponiýadan öňe geçip, iň uly awtoulag eksportçysy boldy. Ilkinji üç aýda 1,069 million awtoulag daşary ýurtlara iberildi.

Ýene degişli makalalar

Hytaý dünýäde iň uly awtomobil eksportçysy boldy
Haýnan Hytaýda benzinli işleýän awtoulaglardan ýüz öwren ilkinji sebit bolar
Halkara awtoulag sergisi
Bazarlaryň üýtgemegi Germaniýanyň awtoulag öndürijilerini gysýar
Hytaý Siandan Merkezi Aziýa çenli “Çanan” ýük otlusyny işe girizdi
Pariž awtoulag sergisi başlady