Awtoýoly awtoulag sürüjilerine hyzmatlaryň we harytlaryň giň toplumyny hödürleýär

Awtoýoly awtoulag sürüjilerine hyzmatlaryň we harytlaryň giň toplumyny hödürleýär

Awtoýoly nyşanyny göterýän dükanlary ýurdumyzyň ähli awtoulag sürüjilerine mälimdir. Awtoýoly nyşanyny göterýän söwda nokatlarynda meşhur awtoulag kompaniýalarynyň, şol sanda Michelin, Mobil, Westlake, Hankook, Varta, Yigit Aku, Apollo we beýleki dürli harytlaryny alyjylara hödürleýär.

Awtoýoly nyşanyny göterýän dükanlaryndan awtoulaglaryň tekerlerini, akkumulýatorlary, ýaglary we ýag filtrlerini, goşmaça bezeg enjamlaryny, ýuwujy serişdeleri, antifrizleri hem-de awtoulaglary bejermek üçin niýetlenen gurallary satyn almak bolar. Yzygiderli arzanlaşyklar dowam edýär.

Awtoýoly nyşanyny göterýän dükanlaryň hyzmat nokatlarynda awtoulag sürüjilerine awtoulagyň kemçiligini anyklamak we ony bejermek üçin hyzmatlaryň giň toplumy ýerine ýetirilýär. Olaryň hatarynda awtoulagyň ýagyny çalyşmak, howa we ýag süzgüçlerini çalyşmak, tekerleri çalyşmak, tekerleri balansirowka etmek, tekerlerine ýel bermek, awtoulag razwal etmek, ýuwmak we beýlekiler bar.

Aşgabat şäherinde şeýle hem ýurdumyzyň welaýatlarynda Awtoýoly nyşanyny göterýän birnäçe söwda dükanlary hereket edýär. Şeýle hem alyjylara amatly söwda şertlerini döretmek maksady bilen, www.awtoyoly.com.tm internet-dükanynyň işi ýola goýuldy. Bu ýerde alyjylar uzak aralykdan islendik harydy onlaýn sargyt arkaly satyn alyp bilerler.

Awtoýoly nyşanyny göterýän dükanlarynda hödürlenýän hyzmatlaryň ýokary hilliligi, harytlaryň köp görnüşliligi hem-de elýeterliligi bu dükanlaryň ýurdumyzyň awtoulag sürüjileriniň arasynda meşhur bolmagyny üpjün edýär. Mundan başga-da, kärhana tarapyndan müşderileri awtoulagyň ätiýaçlyk şaýlary we beýleki zerur harytlar bilen üpjün etmek üçin öndürijiler bilen gatnaşyklar ýola goýuldy.

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Seulda 2026-njy ýylyň şygaryna we Türkmenistananyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan halkara maslahat geçirildi
“Atyň aýagy batly bolsun, bili kuwwatly bolsun”. Türkmen prezidenti özüne sowgan berlen aty ogluna peşgeş berdi
Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna bardy
Milli Liderimiz Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna bardy
Milli Liderimiz Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna bardy
Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentine Hankerwen atly bedewi gowşurdy