“Atyň aýagy batly bolsun, bili kuwwatly bolsun”. Türkmen prezidenti özüne sowgan berlen aty ogluna peşgeş berdi

“Atyň aýagy batly bolsun, bili kuwwatly bolsun”. Türkmen prezidenti özüne sowgan berlen aty ogluna peşgeş berdi

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýekeje ogluna özüne sowgan berlen ahalteke atyny gowşurdy. Döwlet baştutanynyň özi we ýurduň resmi metbugaty bu çärä simwoliki many berdi.

Türkmenistanyň döwlet metbugatynyň habaryna görä, Türkmenistanyň prezidenti öz ogluna ýurduň ähli atçylylarynyň adyndan özüne hödürlenen Hankerwen atly üç ýaşly Ahalteke bedewini berdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow atyň adynyň manysyny düşündirip, "sözüň aňyrsynda türkmen dilinde mukaddeslik derejesine göterilen dowamat bar" diýdi.

"Kerwen hatarlarynyň uzap gidişi ýaly, bu ugurda bar bolan asylly ýörelgeler taryhyň dowamynda nesilden-nesle geçip, dowam bolsun diýip" diýip, türkmen metbugaty prezident Gurbanguly Berdimuhamedowy sitirleýär.

Prezident Berdimuhamedow bu sowgady 6-njy iýunda Akhalteke atçylyk toplumyna eden saparynyň dowamynda gowşurdy.

Sowgadyň kakasyndan ogluna geçmegi dabaraly ýagdaýda ýerine ýetirildi.

TDH döwlet habar agentliginiň habaryna görä, Serdar Berdimuhamedow aty çapyksuwaryň baýramçylyk eşigi bilen birlikde öz kakasy ýurduň liderine getirip beripdir. Şondan soň prezident Gurbanguly Berdimuhamedow, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň ýolbaşçysy bolan öz oglunyň bu bedewe özüniň eýe çykmagynyň dogry boljakdygyny aýdyp, ony Serdar Berdimuhamedowa gowşurypdyr.

Hankerwen aty aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Bedew baýramynda we Türkmen Alabaý gününde ýurduň atçylyk işgärleriniň adyndan türkmen prezidentine sowgat berlipdi.

Wise-premýer Serdar Berdimuhamedow Halkara "Türkmen alabaý itleri" birleşigine we Halkara Ahalteke atçylyk birleşigine ýolbaşçylyk edýär. Iki gurama özüni atlar we itler boýunça bilermen hasaplaýan prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyö inisiatiwasy bilen döredilipdi.

Aprel aýynda türkmen prezidenti ogly Serdara "Hormatly itşynas" ady bilen sylaglady. Serdar kakasyna derek Bedew we Türkmen alabaýlary güni baýramçylyk çärelerine baştutanlyk etdi.

Türkmen prezidentiniň öz bedewini ogluna gowşurmagy häkimiýet mirasdüşerliginiň ýene bir simwoliki wakasyna öwrüldi. Serdar Berdimuhamedowyň jemgyýetçilik we syýasy işjeňligi 2016-njy ýylda başlandy. Şondan bäri prezident dabaraly ýagdaýda sport marafonynda ogluna estafetany gowşurdy we "Miras" atly ata mündürip, gezelenje çykardy. Döwlet metbugaty bu wakalary "nesilleriň dowamlylygynyň nyşany" hökmünde häsiýetlendirip, Serdary "halkyň ogly" diýip atlandyrdy.

Serdar Berdimuhamedow birnäçe resmi wezipäni eýeleýär. Türkmenistanyň prezidentiniň ogly birwagtda premýer-ministriň orunbasary, Gözegçilik palatasynyň başlygy we Türkmeniýanyň Daşary işler ministrliginiň ýokary derejeli wezipelerini eýeleýär. Soňky aýlarda 39 ýaşly Serdr Berdimuhamedow birbada birnäçe täze wezipä eýe çykdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Awtoýoly awtoulag sürüjilerine hyzmatlaryň we harytlaryň giň toplumyny hödürleýär
Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna bardy
Milli Liderimiz Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna bardy
Milli Liderimiz Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna bardy
Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentine Hankerwen atly bedewi gowşurdy
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: — Biziň baş maksadymyz halkymyzyň durmuşyny gowulandyrmakdan ybaratdyr