Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: — Biziň baş maksadymyz halkymyzyň durmuşyny gowulandyrmakdan ybaratdyr

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: — Biziň baş maksadymyz halkymyzyň durmuşyny gowulandyrmakdan ybaratdyr

Türkmenistan döredijiligiň we ösüşiň ýoly bilen ynamly gadam urup, mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyny bellemäge taýýarlyk görýär. Şu döwrüň içinde geçilen ýol milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňde goýan, deňi-taýy bolmadyk ägirt uly täzeçillik hem-de uzak möhletleýin wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegine beslendi.

Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlary “Döwlet adam üçindir!” diýen ýörelgede öz beýanyny tapýar. Ykdysadyýet, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet, durmuş ulgamlary we beýlekiler — bularyň her biri täze sepgitlere çykyp, her bir ädimde hormatly Prezidentimiziň maksada gönükdirilen oňyn özgertmeleriniň miweleri aýdyň görünýär. Olar türkmen döwletiniň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga, halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga hyzmat edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Mir” döwletara teleradiokompaniýasynyň žurnalisti bilen söhbetdeşliginde: “Garaşsyzlyk türkmen halky üçin nämäni aňladýar?” diýen sowala: “Döwletiň kuwwatly durmuş syýasaty biziň ösüş ýolumyzyň tapawutly aýratynlygyna öwrüldi. Döwlet býujetiniň serişdeleriniň 70 göteriminden gowragy durmuş hajatlaryna, adamlaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilýär” diýip, jogap berdi.

Biz Türkmenistanyň halkynyň agzybirligine, jemgyýetdäki parahatçylyga we ylalaşyga buýsanmaga haklydyrys. Munuň özi bize geljege ynamly garamaga, demokratik özgertmeleri tapgyrlaýyn geçirmäge, döwlet we jemgyýetçilik durmuşyny kämilleşdirmäge, daşarky gatnaşyklary üstünlikli ösdürmäge mümkinçilik berýär.

Ýeri gelende, geçirilen söhbetdeşligiň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidentine köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlyk hem-de “Mir” döwletara teleradiokompaniýasy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň işine berýän goldawy üçin “Mir” DTRK-nyň döşe dakylýan altyn nyşanynyň gowşurylandygyny bellemek gerek.

Duşuşygyň barşynda üstünlikli geçirilýän bilelikdäki işleriň geljekde hem dowam etdiriljekdigine hem-de dünýä giňişliginde ýurdumyzyň abraýynyň has-da artmagyna we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň habarlar giňişligini ösdürmäge ýardam etjekdigine ynam bildirildi. Munuň özi milli Liderimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň esasy ugurlaryna kybap gelýär.

Synymyzy dowam edip, 1-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde guralan dabaraly çäräni ýatlamak möhümdir.

Döwlet Baştutanymyz BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Kristina Weýgand bilen merkeziň çagalaryň ösüşi we irki dikeldiş bölümine, çagalar üçin niýetlenen oýun otagyna, logoped hem-de kardiohirurg lukmanlarynyň iş otaglaryna baryp gördi. Döwlet Baştutanymyz bejergi alýan çagalar hem-de ene-atalar bilen gürrüňdeş bolup, lukmançylyk hyzmatlarynyň hili barada gyzyklandy, olaryň tiz sagalmaklaryny arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda çagalaryň sazlaşykly ösüşini ýola goýmak hem-de saglygyny goramak we berkitmek ugrunda döwlet tarapyndan yzygiderli alada edilýändigini hem-de bu ýörelgeleriň durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini nygtap, Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça döredilen haýyr-sahawat gaznasynyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak üçin ähli zerur şertleriň bardygyny aýtdy.

Milli Liderimiziň hanym Kristina Weýgand bilen söhbetdeşliginiň barşynda, saglygy goraýyş ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýeti, lukmançylyk, hususan-da, pediatriýa ulgamynda halkara tejribe alyşmasynyň möhümdigi bellenildi.

Merkeziň mejlisler zalynda geçirilen maslahatda döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda Çagalary goramagyň halkara gününiň bellenilmeginiň Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň çagalaryň hukuklary we bähbitleri baradaky esasy düzgünlerine ygrarlylygyny alamatlandyrýandygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow eneleriň we çagalaryň saglygyny goramagyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridigini ýene-de bir gezek nygtap, Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek atly Milli strategiýany hem-de sanly ulgamy ulanmak arkaly ony durmuşa geçirmegiň meýilnamasyny taýýarlamagyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.

Ýaşaýşyň ähli tapgyrlarynda çagalar üçin saglygy goramak babatda hemmetaraplaýyn deň mümkinçilikleri we şertleri döretmek, şeýle hem halkara ölçegleredir talaplara, sanly we innowasion tehnologiýalara, öňdebaryjy lukmançylyk ylmyna, tejribesine esaslanýan ýokary hilli, elýeter saglygy goraýyş hyzmatlary bilen üpjün etmek hem öňde durýan möhüm wezipeleriň biridir.

Welaýatlaryň ähli lukmançylyk edaralarynda körpelerde, çagalarda we ýetginjeklerde keselleri anyklamak we öňüni almak üçin ýörite barlaglary ýola goýmak döwrüň möhüm talaby hökmünde kesgitlenildi. Çagalaryň arasynda adamyň papilloma wirusyna garşy sanjymlary geçirmek dowam etdiriler. Öňüni alyş sanjymlarynyň netijelerine baha bermek üçin zerur programma üpjünçiligi we kompýuter tehnologiýalary berler.

Mundan başga-da, milli Liderimiz çagalaryň we ýetginjekleriň öz saglyk ýagdaýy babatda sowatlylygyny artdyrmak üçin dünýä tejribesine esaslanyp, degişli işleri geçirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Käbir keselleriň öňüni almak boýunça halkara guramalar we dünýäniň öňdebaryjy klinikalary, şol sanda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň alym lukmanlary bilen bilelikde ylmy işleri ýerine ýetirmek saglygy goraýyş işgärleriniň öňünde durýan möhüm wezipeleriň biridir.

Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli şeýle dabaralar ýurdumyzyň welaýatlarynda hem geçirildi. Munuň özi Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň durmuş ugurlydygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.

Şol gün durmuş goldawyna mätäç çagalara aýratyn üns berildi. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan Aşgabadyň sagaldyş okuw-terbiýeçilik toplumynyň, paýtagtymyzdaky Döwletliler köşgüniň, Büzmeýin etrabynyň çäginde ýerleşýän ugurdaş mekdep-internatynyň okuwçylaryna baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy.

2-nji iýunda geçirilen Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň bäş aýynda alyp baran işleriniň jemlerine garaldy.Esasy meseleleriň hatarynda Garaşsyz ýurdumyzda howpsuzlygy hem-de parahatçylygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak hem-de işini kämilleşdirmek, döwlet emläginiň, şol sanda maliýe serişdeleriniň netijeli ulanylyşyna, sanly ulgamyň ornaşdyrylyşyna gözegçilik etmek, eziz Diýarymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli dabaraly harby ýörişe görülýän taýýarlyk bilen bagly meseleler boldy.

Şol gün milli Liderimiziň sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynda sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy wezipeleri, şu ýylyň bäş aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, ýurdumyzyň ekin meýdanlarynda işleriň ýagdaýy baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Maslahata Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary, welaýatlaryň häkimleri gatnaşdylar.

Bugdaý oragyna taýýarlyk görmek gün tertibiniň esasy meselesi boldy. Döwlet Baştutanymyz Ahal, Lebap, Mary welaýatlarynda 4-nji iýunda, Balkan we Daşoguz welaýatlarynda bolsa 11-nji iýunda bugdaý oragyna girişmek boýunça ak pata berdi hem-de oragy geçirmegiň anyk meýilnamasyny düzmegi, möwsüme gatnaşyjylaryň öndürijilikli zähmet çekmegi we dynç almagy üçin amatly şertleri döretmegi tabşyrdy.

3-nji iýunda Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen esaslandyrylan Bütindünýä welosiped güni giňden bellenildi.

Milli Liderimiz köpçülikleýin welosipedli ýörişe badalga berip, ýörişiň öňüni çekdi. Ýörişe gatnaşyjylar paýtagtymyzyň şaýollary boýunça hereket etdiler.

Sport çäresine Hökümetiň agzalary, Milli Geňeşiň palatalarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, paýtagtymyzyň häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle hem talyp ýaşlar gatnaşdylar. Welosipedli ýörişe gatnaşyjylaryň arasynda döwlet Baştutanymyzyň sowgat beren welosipedlerine erk edýänler — Döwletliler köşgünde terbiýelenýänler hem boldy.

Welosipedli ýörişiň dowamynda hormatly Prezidentimiz şäheriň ekologik ýagdaýyny gowulandyrmaga, ony bagy-bossanlyga öwürmäge, Aşgabadyň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň iň gelim-gidimli ýerleri bolan seýilgähleri hem-de seýilbaglary kadaly ýagdaýda saklamaga, şäherlileriň ýaşaýyş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga degişli meseleleri hemişe üns merkezinde saklamagyň wajypdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Hökümet binasynyň ýanyna gelip, welosipedli ýörişi tamamlady hem-de bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagyň saglyk üçin uly ähmiýete eýedigini ýene-de bir gezek görkezdi.

Köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşyjylar hereketi dowam etdirip, Magtymguly şaýolunyň ugrunda ýerleşen “Ak şäherim Aşgabat” binasynyň ýanynda ýörişi tamamladylar.

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli welosipedli ýörişler ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda hem geçirildi. Köpçülikleýin sport çäresi Türkmenistanda welosiped sportunyň meşhurlygynyň hem-de ulagyň ekologiýa taýdan arassa görnüşi hökmünde welosipediň artykmaçlyklarynyň artýandygyny nobatdaky gezek tassyklady.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sport bilen yzygiderli meşgullanmagy, şol sanda bedewli gezelenç etmegi kada öwrendigini bellemelidiris, dynç güni — 6-njy iýunda döwlet Baştutanymyz Köpetdagyň etegindäki gözel künjekde ýerleşýän Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda bolup, ynsan gylykly bedewleri bilen didarlaşdy.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň aprel aýynda Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli, döwlet Baştutanymyza saýlama ahalteke bedewleri sowgat berildi. Ýurdumyzyň ähli atşynaslarynyň adyndan milli Liderimize 2018-nji ýylda doglan Hankerwen atly bedew sowgat berildi, munuň özi mukaddesligi, durmuş dowamatlylygyny alamatlandyrýar.

Döwlet Baştutanymyz atçylyk toplumyna baran güni Serdar Berdimuhamedowyň Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň ýolbaşçysy hökmünde bu ajaýyp bedewe özleriniň eýe çykmagynyň dogry boljakdygyny aýdyp, behişdi bedewlerimiziň dünýä ýüzündäki abraýynyň mundan beýläk-de belende galmagynyň bähbidine zerur tagallalary etjekdiklerine ynam bildirdi.

Milli Liderimiz we wise-premýer, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Serdar Berdimuhamedow atly gezelenç wagtynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda kesgitlenilen wezipeleri ýerine ýetirmegiň barşyny, bu ugurda geçirilýän çäreleri hem-de beýleki gündelik meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow häzir ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde her bir adamyň mynasyp goşandynyň bolmalydygyny aýdyp, degişli tabşyryklary berdi hem-de halkymyzyň abadan durmuşyny, ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşini üpjün etmek, gadymdan gelýän milli gymmatlyklarymyzy gorap saklamak meselelerini hemişe üns merkezinde saklamagyň möhümdigini belledi.

Geçen hepdäniň wakalaryna synymyzy dowam etmek bilen, 4-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde halk hojalyk toplumynyň pudaklarynyň şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň jemlenendigini bellemek gerek.

Ykdysady toplumyň öňünde durýan esasy wezipeleriň hatarynda geljek ýyl üçin Döwlet býujetini taýýarlamak wezipesi görkezildi. 2022-nji ýyl üçin maksatnamany işläp taýýarlamak, ykdysady çökgünlik ýagdaýyndan has çalt depginde çykmak, ykdysady çökgünligiň başlanmagyndan ozalky görkezijilere ýetmegi gazanmak onuň esasy wezipeleri bolmalydyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet eýeçiligine degişli kärhanalary we desgalary hususylaşdyrmak hem-de paýdarlar jemgyýetlerine öwürmek işlerini has-da çaltlandyrmagy, zähmet haklarynyň öz wagtynda tölenilmegine berk gözegçilik etmegi ýakyn geljek üçin esasy wezipeleriň hatarynda kesgitläp, bu ugurlardaky işleriň ýagdaýyny seljermegi hem-de işi bildirilýän talaplara laýyklykda guramak maksady bilen netijeli çäreleri görmegi tabşyrdy. Şunuň bilen baglylykda, ýangyç-energetika toplumyna daşary ýurtlaryň maýadarlaryny çekmek, daşary döwletleriň öňdebaryjy tehnologiýalara esaslanýan iri nebitgaz kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek babatda degişli tabşyryklar berildi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň elektron senagatyny döretmek meselelerine ünsi çekip, bu ugurda hünärmenleri taýýarlamak üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Howanyň yssy döwrüniň ýetip gelmegi bilen welaýatlarda, şäherlerde we etraplarda ýangyna garşy howpsuzlyk düzgünleriniň ýola goýluşyna berk gözegçilik etmegiň möhümdigi bellenildi.

Ýurdumyzyň elektrik energetika pudagynyň kuwwatlyklaryny, elektrik energiýasynyň öndürilýän möçberini we eksportyny artdyrmak boýunça içerki hem-de halkara taslamalary durmuşa geçirmek meselelerine aýratyn üns berildi.

Döwlet Baştutanymyz kiçi we orta telekeçilige, aýratyn hem, syýahatçylyk işi bilen meşgullanýan kärhanalara maliýe hem-de maddy-enjamlaýyn taýdan ýardam bermegi göz öňünde tutmagyň wajypdygyny aýdyp, bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gazetleriň we žurnallaryň elektron görnüşine geçirilmegini işjeňleşdirmek zerurdyr diýip, bu ugurda işgärleri taýýarlamak we bölümleriň iş birligini kesgitlemek boýunça anyk görkezmeleri berdi. Şeýle hem milli Liderimiz ýurdumyzyň mekdeplerinde sanly ulgam boýunça täze sapaklary ornaşdyrmakda Ylymlar akademiýasyna esasy ornuň degişlidigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň we daşary döwletleriň Hökümet wekiliýetleriniň saparlaryna hem-de Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýuna, hemişelik Bitaraplyk baýramyna bagyşlanan halkara maslahatlara, beýleki halkara çärelere taýýarlygyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň geçen bäş aýynda alnyp barlan işleriň netijeleriniň, dünýä ykdysadyýetindäki çylşyrymly ýagdaýlara garamazdan, döwletimiziň depginli ösmeginiň dowam edýändigini görkezýändigini kanagatlanma bilen belledi.

Türkmenistanyň daşary syýasaty, ozalkysy ýaly, Birleşen Milletler Guramasy, beýleki halkara guramalar bolan Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen giň gerimli hyzmatdaşlyk etmäge gönükdirilendir.

Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösüşinde gazanylan depgin durnukly saklanýar.Kabul edilen ähli durmuş maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär.Hökümetimiziň we halkymyzyň guramaçylykly işi netijesinde, ýurdumyzda jemi içerki önümiň ösüşi geçen bäş aýda 6,1 göterim möçberde boldy.

Senagat desgalary, ýaşaýyş jaýlary, çagalar baglary, mekdepler, dükanlar we beýleki desgalar bellenen möhletde gurlup, ulanmaga berildi.Kabul edilen meýilnamalara laýyklykda, energiýa serişdelerimizi dünýä bazarlaryna diwersifikasiýa ýoly bilen ibermek syýasaty hem üstünlikli dowam edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, biziň baş wezipämiz halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmakdan ybaratdyr.

Halkara häsiýetli wakalara geçmek bilen, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-ýapon komitetiniň türkmen tarapynyň başlygy — wise-premýer, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýanyň Itochu Corporation kompaniýasynyň dolandyryjy direktory Hiroýuki Subaý bilen wideoaragatnaşyk arkaly bilelikdäki taslamalary amala aşyrmagyň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşandygyny bellemek gerek.

Söwda-ykdysady ulgamda gatnaşyklaryň ösüşine aýratyn üns berildi.Taraplar häzirki wagtda amala aşyrylýan taslamalary seljerdiler hem-de nebitgaz, gazhimiýa we gaýtadan işleýän senagat pudaklaryndaky, ulag hem-de beýleki ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Geçen hepdede Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň wekiliýeti onlaýn tertipde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament assambleýasynyň ikinji baş maslahatyna gatnaşdy. Bu maslahat Pakistanyň Yslamabat şäherinde geçirildi. “Sebitde goşulyşmak üçin parlament hyzmatdaşlygyna goldaw bermek” duşuşygyň esasy mowzugy boldy. Oňa gatnaşyjylar COVID-19 pandemiýasy döwründe sebitde Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak, sebit gün tertibini ilerletmekde zenanlaryň orny bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Abraýly halkara hem-de sebit guramalary, şol sanda YHG bilen giň gerimli we köpugurly hyzmatdaşlyk hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary syýasy strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. Şol strategiýa bolsa parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk hem-de gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ählisi bilen netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýar. Şu ýylyň martynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynda başlyklyk etmek döwri Türkmenistana geçirildi. Şunuň bilen baglylykda, sebitde durnukly ykdysady ösüşi ilerletmäge gönükdirilen degişli Konsepsiýa işlenip taýýarlanyldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda, ýurdumyzyň wekiliýetiniň XXIV Peterburg halkara ykdysady forumynyň işine gatnaşmagy hem-de daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ykdysady gatnaşyklary ösdürmek boýunça duşuşyklaryň we gepleşikleriň geçirilmegi geçen hepdäniň esasy wakalarynyň biri boldy.

Geçen hepdäniň beýleki wakalarynyň hatarynda Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda bugdaý oragynyň başlanmagy bar. Geljek hepdede oraga Balkan we Daşoguz welaýatlarynyň gallaçylary girişer. Şu ýyl ýurdumyzyň gallaçylary 690 müň gektar meýdandan 1 million 400 müň tonna bugdaý ýygnamagy meýilleşdirýärler.

Türkmenistanyň çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezlerinde tomusky dynç alyş möwsüminiň başlanandygyny bellemek gerek. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinden gelen mekdep okuwçylary gözel künjekde ýerleşýän ajaýyp Gökderede tomusky dynç alyş möwsümini gyzykly geçirerler.

5-nji iýunda geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň birinji mejlisinde şu ýylyň 22-nji maýynda Mejlisiň kabul eden döwlet-hususy hyzmatdaşlygy, bilim ulgamy, firma atlary, gümrük, salgyt işleri we beýleki ugurlara degişli täze kanunlarydyr kadalaşdyryjy hukuk namalary makullanyldy hem-de degişli kararlar bilen berkidildi.

Geçen hepdäniň wakalarynyň hatarynda Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy hem-de Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli geçirilen “Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň ýurdumyzda daşky gurşawy goramak we ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek boýunça döwlet syýasaty: ýetilen sepgitler we wezipeler” atly ylmy-amaly maslahat hem bar.

Onuň işine, şol sanda wideoaragatnaşyk arkaly ýurdumyzyň tebigaty goraýyş düzümleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hünärmenleri, Milli Geňeşiň, ylmy jemgyýetçiligiň, ýokary okuw mekdepleriniň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň, iri halkara we sebit guramalarynyň, gaznalaryň hem-de edaralaryň wekilleri gatnaşdylar.

Forumyň esasy meseleleriniň hatarynda Türkmenistanyň suw diplomatiýasy bolup, onda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Suw strategiýasyny işläp taýýarlamak hakynda başlangyjyny ilerletmek wajyp wezipeleriň biridir.

Maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak, tebigy serişdeleri oýlanyşykly peýdalanmak, azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmak babatda öňe sürýän başlangyçlarynyň, şeýle hem olary durmuşa geçirmek boýunça anyk çäreleriň ähmiýeti bellenildi. Şunda ýurdumyzyň häzire çenli daşky gurşawy goramak boýunça ekologiýa baradaky konwensiýalaryň we halkara ylalaşyklaryň 20-den gowragyny tassyklandygy nygtaldy.

Mahlasy, “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilen 2021-nji ýylyň geçen hepdesiniň wakalary milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşini, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny, ata Watanymyzyň halkara abraýynyň pugtalandyrylmagyny üpjün etmäge gönükdirilen döwlet strategiýasynyň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň beýanyna öwrüldi.

(TDH).

https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/30880?type=feed

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň DIM-i BMGÖM-niň, ÝUNISEF-iň we BSG-niň täze wekilleri bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Prezidentiniň “Ak şäherim Aşgabat” atly kitabynyň rus dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ AK ŞÄHERIM AŞGABAT ATLY KITABYNYŇ RUS DILINDÄKI NEŞIRINIŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY
Adam hukuklaryna bagyşlanan maslahat
Adam hukuklaryna bagyşlanan maslahat geçirildi
Maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum