Aýa Serhenowanyň awangard eserleriniň sergisi bilen tanyşlykdan galan täsirler

Aýa Serhenowanyň işleriniň Şekillendiriş sungaty muzeýinde guralan sergisine öňdenem garaşylýardy.Täzeçil pikirlenýän, köpgyraňly nakgaşyň suratlary žiwopis muşdaklaryna döredijiligiň nämälim älemine syýahat etmäge we zehindir gözlegler, özi üçin joşgun hem-de perdesi syrylan ýürek syryny, metafora we allegoriýa utgaşyp-sepleşip gidýän täze çeper dünýäni açmaga mümkinçilik berýär...

Aýa nirä ýititirim bolduka?Ondan tamamyz uludy welin, ol birden ýitirim bolaýdy-la - diýip men Aýanyň çeperçilik uçilişşesinde bile okan joralaryndan soraýardym- diýip, nakgaşa sungat taryhyndan sapak beren mugallymy Azat Annaýew serginiň açylyşynda ýatlady.

Dogrudanam, Aýa çeperçilik uçilişşesini tamamlandan soň uzak wagtlap köpe çykman gezdi.Durky bilen maşgala aladasyna berildi, kärini üýtgetdi, soňam durky bilen döredijilige berlip, tilsimini kämilleşdirdi, özüne mahsus usul döredidp ugrady...

Ol gije diýmän, gündiz diýmän, özünde galan täsirleri, pikirlerini, isleglerini çaltrak kendir mata ýa-da kagyza geçirmek üçin armany bilmän işleýärdi. 10 ýyldan agarak wagt geçiribem ol awangardlyk usulynda çekilen filosofik manyly üýtgeşik we zehinli işlerini tomaşaçylara hödürledi.

Biz sergilerde nakgaşlaryň žiwopisçi hökmünde kemala gelşiniň döwürlerini beýan edýän awtoportretlerine öwrenişip gidipdiris.Bu babatda Aýa Serhenowa saýry gelýär.Ol öz şahsy dünýägaraýşyny, duýgylaryny, oý-pikirleini öz işleri bilen beýan edýär....

Mysal üçin, onuň Nämälimlik suratynda çuň oýa batan we aýasynda kinniwanja heýkeljikleriň ikisini alyp, özüniň zenan we nakgaş zanyny saldarlap duran aýal maşgala şekillendirilipdir.Nakgaşyň köpgyraň içki dünýäsini beýan edýän sýurrealistik usulda çekilen Köňlümiň ummany suratyny Aýa Serhenowanyň awtoportreti hasaplasa-da bolar.

Töweregi ummanyň mawy suwy we hyýaly bulutlar bilen gurşalan egninde hüwi oturan zenan öz duýgurlygyna bil baglap, durmuşda ýol saýlaýar...Türkmenistanyň halk nakgaşy, Russiýanyň Çeperçilik akademiýasynyň hormatly agzasy Gylyçmyrat Ýarmämmedow: -Aýa Serhenowanyň köňli baý, inçeden duýgur we sahawatly. Öz batyrgaý fantaziýalary bilen ile ýüregini açan nakgaşyň saýlan ýoly dogry.

Men ýaş nakgaşlarymyzyň arasynda-da Aýa ýaly üýtgeşik kärdeşlerimiziň bardygyna begenýärin diýdi.Paşmak atly suraty kofe tozy bilen çekilipdir.Aýa surat çekmekde ýagdan başga-da, kofe, şarikli ruçka, galam ulanýar.

Kofe şekile ýyly mähir, ýumşaklyk we mylaýymlyk çaýýar...Kirza matadan syzyly we sapakdan sünnälenip tikilen gödek paşmak gataňsy ýerde, hamala, eziz topragyny goramaga gelen esger ýaly pugta dur.Ary Paşmagyň burnuny iýip ýetişipdir, garynja oňa girmäge howlugýar, inçejik wýun bolsa uzynja bedeni bilen ynamdar hemaýatkärini mähirli gujaklap dur.

Ekologiýa suraty-da kofe tozy bilen çekilipdir.Owadan ýaş jenanyň keşbini senagat kärhanasynyň goýberýän hapa howasy zaýalapdyr.Surat janly tebigata aýawly garamaga çagyryp, zarynlaýana meňzeýär. -Duýgylaryny we oý-pikirini surata geçirmek, tomaşaçyny sägindirip, ony suratyň gahrymany bilen söhbetdeşlige çagyrmak her nakgaşa ýetdirýän zat däl.

Aýa welin, muny aňryýany bilen başarýar diýip bezegçi-nakgaş Gulýa Gurbanowa gürrüň berýär.Gündogardan dogýan gün atly kubizm usulynda çekilen suraty ýaňky pikiri tassyklaýan ýaly bolup dur.Nakgaş näme diýjek bolduka?

Belki, Ýaponiýanyň özboluşly ykdysady ösüşine ünsi çekesi gelendir, ýa-da Gündogaryň syrlary barada söhbete çagyrýandyr...Türkmen sährasynda bitýän keýigokaradan suw toplaýan eneli-gyz şekillendirilen surat durmuşa höwes döredýär.

Oňa ýygnanan säher çygy bilen janly-jandar teşneligini gandyrýar. Şarikli ruçka bilen çekilen surat Süýji tagamyň muşdagy diýlip atlandyrylýar.Süýji pamygyň fonunda çekilen alýaňak çaga Süýjijek balam diýesiň gelip dur.

Ene söýgüsine ýugrulan suratyň şahyranalygy özüne maýyl edýär.Sergä gelenleriň arasynda daşary ýurtly myhmanlar-da bardy.Biz olar bilen tanyşdyk: Sergide Aýanyň sarpa goýýan nakgaşy Salwador Daliniň portreti, onuň maşgalasynyň: hüžžük saçly kakasynyň, egni açyk gök köýnekli ejesiniň, ejesiniň haladyny geýen gyzy Ýewanyň portretleri, şeýle hem türkmen zenanlaryna bagyşlanan reňkli hem-de grafiki suratlary goýlupdyr.

Aýa Serhenowanyň olaryň bäşisini Şekillendiriş sungaty muzeýine peşgeş berendigini hem aýtmak gerek. -Bu özbaşdak sergimi meni döredijiligime ugrukdyran hem-de meni hemişe goldap ýören kakam, nakgaş Amanmyrat Serhowa bagyşlaýaryn.

Kakamyň maňa guwanmagyny isleýärin diýip Aýa gürrüň berýär. ...Aýa bu sergini taýýarlanda özüni hemmeleriň ykrar etmegine garaşmandygygyny, iň esasy, tomaşaçylar bilen ýakyndan söhbetdeş bolup, dürli nesliň wekilleriniň we dürli tilsimleri halaýan adamlaryň eserlerine garaýşyny bilmegi niýet edinendigini aýtdy.

Aýanyň saýry dünýägaraýşynyň we kämil şahsyýetiniň nakgaşyň işlerine aýratyn mähir çaýýandygyny, olaryň ýanyndan aýrylasyň gelmeýändigini, žiwopis eserleriniň ýordumlaryna aralaşanyňda, sazlaşykly çotga yzlaryny yzarlap, hökmany suratda özüň üçin täze bir dünýä açýandygyňy aýtmakçy...

Ýene degişli makalalar

Bäşim Nuraly adyndaky çeperçilik mekdebiniň uçurymlarynyň işleriniň sergisi açyldy
Art-bazarda ylham bilen üýtgeşik täzelikler utgaşýar
Nakgaş Sülgün Hojagulyýewanyň ýagty ýadygärligine: durmuşyň metaforaly beýany
Taryh, däpler, häzirki döwür: sergi hakda söhbetden parçalar
Taryh, ýörelgeler, usullar: sergi hekaýatynyň sahypalaryndan
Taryh, ýörelgeler, usullar: sergi hekaýatynyň sahypalaryndan