Aýakgaby nähili arassalamaly?

Ýagnyň ýagmagy bilen ýollarda gum garyndyly hapalar emele gelýär. Şeýle howa şertlerinde aýakgabymyz hapalanyp bilýär.Köwşüňi wagtly-wagtynda arassalap durmak hem adamy salyhatly görkezýär, hem-de aýakgap uzak wagtlap tozmaýar.

Aýakgabymyzy arassalanymyzda köplenç ululardan kömek soraýarys. Ýöne muny özüňiz hem ýerine ýetirip bilersiňiz.Eýsem, aýakgaby arassalanyňda nämelere üns bermeli?Köwşüňi arassalamagyň aňsat ýollary barmy?Geliň, köwüşdäki hapalary aýyrmagyň käbir usullaryny öwreneliň!

Okuw aýakgaby. Aýakgaby arassalamak üçin ilki onuň materialyna üns bermeli.Eger köwşüňiz deriden bolsa, ilki çotga bilen tozanyny aýyrmaly. Ýyly suwa biraz ýuwujy serişde goşup, köpürjik etmeli.

Soňra köpürjikli suwa esgini ölläp, aýakgapdaky tegmillere sürtüp çykmaly.Tegmiller ýumşandan soňra, gury esgi bilen köwşi süpürmeli.Köwşi guratman, bada-bat geýmek maslahat berilmeýär.Köwşüň çalt guramagy üçin içine mata bölegini goýup bilersiňiz. Şeýle hem köwşüňizi ýel çalýan açyk howada goýup bilersiňiz.

Gün şöhlesiniň düşýän ýerinde ýa-da ýyladyjy enjamlaryň öňünde aýakgaby goýmak bolmaýar. Şeýle ýagdaýda köwşüňiz çalt zaýalanar.

Eger aýakgabyňyz palçyk bolsa, aşagyna kagyz goýup, ýylyrak ýerde goýmaly. Soňra çotga bilen guran palçygy syryp, tozanyny aýyrmaly. Köpürjikli suwa esgini ölläp, tegmillerini ýuwandan soň, guraýança garaşmaly. Soňra köwşe krem sürtüp, çotgalamaly. Aýakgabyňyz ýalpyldandan soňra ýylyrak ýerde goýmaly.

Sport aýakgaby. Hapa köwşi geýmek saglyk üçin zyýanly.Esasan hem, sport aýakgaplary çalt hapalanýar.Sport aýakgaplaryny hiline baglylykda dürli usullar bilen arassalap bilersiňiz.Eger sport aýakgabyňyz matadan bolsa, ony köpürjikli suwda ýuwmak iň aňsat usullaryň biridir.

Munuň üçin sabyn, şampun ýa-da ýuwujy serişdeden peýdalanyp bilersiňiz.Kiçiräk legene mylaýym suw guýup, ýuwujy ergin damdyrmaly.Soňra köpürjik emele gelýänçä gowy bulamaly.Aýakgaby legene salyp bir-iki minut goýmaly.

Hapasy ýumşandan soň, gowy edip ýuwmaly.Soňra suwuny syrykdyryp, guraýança goýmaly.Bu usuly ulularyň kömegi bilen kir ýuwujy maşynda hem ýerine ýetirip bilersiňiz.Eger sport aýakgabyňyz deriden bolsa, çygly süpürgiç bilen arassalamak iň aňsat usullaryň biridir.

Ak reňkli aýakgap.Ak aýakgap, esasan hem, ak sport aýakgaby çalt hapalanýar. Şeýle-de bolsa ony ýönekeý usul bilen arassalap bolýar.Munuň üçin biraz diş pastasy ýa-da nahar sodasy gerek.

Ilki gury esgi bilen aýakgaby süpürmeli.Soňra ýylyrak suwa diş pastasyndan az-owlak damdyryp, çöpjagaz bilen bulamaly.Köpürjik emele gelenden soň, ulanylmaýan diş çotgasyny alyp, köpürjigi aýakgaba sürtmeli.

Hapalar, tegmiller ýuwlandan soň, gury esgi bilen aýakgaby süpürmeli hem-de guratmaly.Beýleki bir usulda nahar sodasyny hem ulanyp bilersiňiz. 2 çemçe nahar sodasyny bir bulgur ýyly suwa garyp, jöpjagaz bilen bulamaly.

Soňra ulanylmaýan diş çotgasy bilen köpürjigi köwşe sürtüp çykmaly. Ýarym sagat garaşanymyzdan soň, arassa suwa esgini ölläp, köwşi mazaly süpürmeli.Soňra aýakgabyň çygyny aýyrmaly. Çygyny aýyrmak üçin kagyz süpürgiç ýa-da esgi ulanyp bilersiňiz.

Çygly aýakgabyň geýilmegi saglygyňyz üçin zyýanly netijeler berip biler. Şol sebäpli aýakgabyňyzy bir ýere gitjek wagtyňyz däl-de, öýe gelen wagtyňyz arassalamaly.

Arassaçylyk işi saglyk üçin ädilen ilkinji ädimdir. Şol sebäpli köwşüňi arassalamaga ýaltanmaly däl. Günüň dowamynda aýakgabyňdaky hapalary aýyrmak üçin 10-15 minutyňy sarp etmeli. Üst-başyň, köwşüň arassa bolmagy özüň üçin hem oňaýly bolup, adamy gelşikli görkezýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenabadyň tapdan düşen lagym ulgamlary sandan çykýar
Türkmenistanyň prezidenti Aşgabadyň häkimliginiň işinden nägile boldy
Marynyň ençeme obasynda zir-zibil dökülýän çelekler ýok
Türkmenistanda benzin gytçylygy ýene güýçlendi
Bilermenler Aşgabatda ýokanç keselleriň ýaýramagynyň ähtimallygyna ünsi çekýärler
Tomusky dynç alşy nähili geçirmeli?!