Aýda bilelikde beket gurarlar

Dünýäniň 31 ýurdy Aýyň ýüzünde hemişelik ylmy-barlaglary geçirmek üçin beket gurar.Munuň üçin işlenip taýýarlanýan we durmuşa geçirilýän “Artemis” atly taslama Niderlandlar hem goşuldy. Ýurduň Kosmos agentliginiň (NSO) ýolbaşçysy Harm fan de Wetering bu baradaky ylalaşyga gol çekdi.

Ylalaşygyň çäklerinde ýurtlar kosmos jisimlerini ýazga almak, maglumatlary paýlaşmak we birek-birege ýardam bermek ýaly ugurlarda iş alyp barylmagy göz öňünde tutulýar.

Taslamanyň çäklerinde Ýeriň tebigy hemrasynda hemişelik bekediň gurulmagy, bu bekediň Marsa amala aşyryljak uçuşlarda “duralga” hökmünde hyzmat etjekdigi göz öňünde tutulýar.Bu ýerdäki hemişelik beket üçin asman jisiminiň ýüzündäki magdanlaryň çykarylyp, peýdalanylmagy hem maksat edinilýär.

Bu ylalaşyk ilkinji gezek 2020-nji ýylyň 5-nji maýynda güýje girizilipdi.Bu taslama Fransiýa, Awstraliýa, Bahreýn, Braziliýa, Kanada, Kolumbiýa, Italiýa, Ýaponiýa, Koreýa Respublikasy, Meksika ýaly ýurtlar gatnaşýar.

Yslambeg Rozyýew, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.

Ýene degişli makalalar

Fidan: "Türkiye Ysraýyla garşy gozgalan genosid bilen bagly kazyýet işine goşular" diýdi
Maduro ABŞ-nyň Prezident Saýlawlaryna Goşulyşmaga Çalyşýandygyny Aýtdy
“Gaza Sektorynda 108 Žurnalist Öýlerine Atylan Bombalar Sebäpli Öldürildi”
Kolumbiýanyň Prezidenti hazynaly gämini deňziň düýbünden çykarmagy buýurdy
Kolumbiýada Magdan Käninde Partlama Boldy