Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde 2026-njy ýylyň 17-20-nji maýy aralygynda Aýdym-saz bilimi: dünýä derejesinde bitewi giňişlige tarap atly halkara derejesinde geçirilen foruma Ýewropa we Aziýa döwletleriniň ençemesinden ýokary okuw mekdebiniň ýolbaşçylary, hünärmenleri we mugallymlary gatnaşdylar.
Bu abraýly çärä gatnaşmak bize hem miýesser etdi. 18-nji maýda forumyň resmi açylyş dabarasy we umumy mejlisi geçirildi.Forumyň maksadyna laýyklykda, çeper we medeni bilimiň ösdürilmegi, öňdebaryjy halkara tejribeleri paýlaşmak we professional hyzmatdaşlygy berkitmek bilen bagly çykyşlar diňlenildi.
Mejlisiň dowamynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň rektory, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty Resul Amangeldiýew çykyş edip, ýurdumyzda aýdym-saz sungatynyň we biliminiň ýeten derejesi, bu ugurda gazanylan üstünlikler hakynda, milli aýdym-saz sungatymyza, bagşyçylyk sungatyna ýokary derejede üns berilmegi netijesinde, bu ugurlaryň türkmen saz biliminde aýratyn orny eýeleýändigi hakynda gürrüň berdi.
Günüň ikinji ýarymynda myhmanlar Özbegistan Respublikasynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk konsertine tomaşa etdiler.Konsertiň jemleýji pursatlarynda aýdymçylar bilen tans toparynyň Küştdepdini türkmençe ýerine ýetirmegi konsertiň şowhunyny has-da artdyrdy. 19-njy maýda forumyň işi dürli bölümçelerde dowam edip, onda saz biliminiň wajyp meseleleri, emeli aňyň saz bilimindäki orny, saz däplerini gorap saklamak we ösdürmek bilen bagly meseleler boýunça çykyşlar diňlenildi. Şol gün biz Özbegistanyň Muhtar Aşrafy adyndaky döwlet konserwatoriýasynda muhmançylykda bolup, bu meşhur okuw mekdebiniň kitaphanasyna, okalga jaýyna, milli saz gurallarynyň muzeýine, Uly konsert zalyna, organly zalyna baryp gördük.
Soňra konserwatoriýanyň rektorynyň kabul edişligi boldy.Bu dabarada R.Amangeldiýew konserwatoriýanyň muzeýine türkmen dutaryny, özbek konserwatoriýasynyň rektory Kamoliddin Urinbaýew, öz gezeginde, oňa özbek dutaryny ýadygärlik berdiler.Pursatdan peýdalanyp, men hem konserwatoriýanyň kitaphanasyna rus dilinde çap edilen Теория туркменской музыки monografiýamy sowgat berdim.
Aýdym-saz bilimi we ylmy boýunça beýleki ýurtlaryň hünärmenleri bilen pikir alyşmaga, hünärimizi kämilleşdirmäge döreden mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sag bolsun aýdýarys.
