Aýdym-sazly, dabaraly maslahat geçirildi

Golaýda “Bitaraplyk şöhratymyz – şanymyz” ady bilen Köneürgenç etrap häkimliginiň, etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň, medeniýet bölüminiň bilelikde guramaklarynda aýdym-sazly, dabaraly maslahat geçirildi.Pagta egriji fabriginiň mejlisler eýwanynda geçirilen maslahata il sylagly ýaşulular, mährem eneler, etrabymyzyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän bagtyýar ildeşlerimiz gatnaşdylar.

Maslahatyň dowamynda ýürek buýsançly çykyşlara uly orun berildi. Çykyş edenler “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” baky Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýunyň toýlanýandygy, geçen gysga döwrüň içinde ýurdumyzda goňşy ýurtlaryň, şeýle hem dünýäniň abraýly halkara guramalary bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny barha rowaçlanýandygy barada anyk mysallar arkaly aýratyn belläp geçdiler.

Munuň aýdyň mysaly hökmünde Türkmenistan döwletimiziň hem-de goňşy Özbegistan Respublikasynyň araçäginde gurlan döwrebap söwda merkeziniň açylyp ulanylmaga berilendigini aýtmak bolar, diýip çykyş edenler uly buýsanç bilen belläp geçdiler.

Şeýle hem maslahatyň dowamynda etrap medeniýet bölüminiň ýörite taýýarlan aýdym-sazly çykyşlary hem ýaýbaňlandyryldy.Etrabymyzyň tanymal aýdymçylary Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň dünýä ýüzündäki at-abraýyny, eşretli zamanamyzy, hormatly Prezidentimiziň rowaç işlerini, hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk toýuny wasp edip, maslahata gatnaşyjylara ruhy lezzet paýladylar.

Maslahatyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, her bir döwletli işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Mahmut ÝAZOW, Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Köneürgenç etrap birleşmesiniň başlygy.

Ýene degişli makalalar

Bagy-bossan gözel diýar
2025-nji ýylyň I ýarym ýyly üçin abuna ýazylyşygy dowam edýär
Köpçülikleýin bag ekmek çäresi geçirildi
Hasyl toýy rysgal bereketiň toýy
Lebapda lukmanlaryň we şepagat uýalarynyň sany azalýar. Hökümet meseläni 'görmeýär'
Balkanly býujet işgärleri we studentler dynç güni köpçülikleýin pagta çekildi