Aýdymçy Begenç Çaryýew Ýylyň parlak ýyldyzy — 2021 diýen ada mynasyp boldy

Aýdymçy Begenç Çaryýew Ýylyň parlak ýyldyzy — 2021 diýen ada mynasyp boldy

Şu gün — 18-nji dekabrda Aşgabatda Türkmenistanyň ýaş aýdymçylarynyň arasynda yglan edilen Ýylyň parlak ýyldyzy — 2021 bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Bäsleşigiň jemlerine we emin agzalarynyň gelen netijesine görä, aýdymçy, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň aýdymçysy Begenç Çaryýew Ýylyň parlak ýyldyzy — 2021 diýen adyň eýesi boldy, şeýle-de göçme kuboga mynasyp boldy.

Bäsleşik ýylyň dowamynda birnäçe tapgyrda geçirilip, onuň jemleýji tapgyryna, eminler toparynyň hem-de Türkmen owazy teleradioýaýlymynda, Owaz radioýaýlymynda halk köpçüliginden köp sms habarnamasy gelen aýdymçylaryň 10-sy gatnaşdy. Türkmen owazy teleradioýaýlymynyň aýdym-saz studiýasynda geçirilen bäsleşigiň jemleýji tapgyrynda eminler aýdymçylaryň ukyplaryna görä baha berdiler.

Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasynda geçirilmegi däbe öwrülen bäsleşige gatnaşyjylar onuň düzgünnamasyna laýyklykda bir aýdymy sazly, beýlekisini bolsa sazsyz ýerine ýetirdiler.

Ýylyň parlak ýyldyzy — 2021 diýen ada mynasyp bolan aýdymçy Begenç Çaryýew birinji şerte görä öz döreden Söýenim atly aýdymyny sazly, ikinji şerte görä bolsa, Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewanyň gözlerine döreden Ýaşasym gelýär atly aýdymy ýerine ýetirdi.

Bäsleşikde baýrakly birinji orna Rüstem Hallyýew, ikinji orna Bahar Annaýewa, üçünji orna bolsa Baýramhan Saparow mynasyp boldy.

Belläp geçsek, Ýylyň parlak ýyldyzy bäsleşigi 2009-njy ýyldan bäri geçirilip gelinýär. Onuň birinji ýeňijisi bolsa Türkmenistanyň at gazanan artisti Jahan Tagyýewadyr.

Ýene degişli makalalar

Ýurdumyzyň estrada we höwesjeň aýdymçy ýaşlarynyň arasynda yglan edilen Ýylyň parlak ýyldyzy atly bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi
Aşgabatda Soltan Sanjar atly taryhy dramanyň ilkinji görkezilişi boldy
Olimpiýa şäherjiginde boks boýunça Türkmenistanyň çempionaty badalga aldy
13.02.2018 | Olimpiýa şäherjiginde boks boýunça Türkmenistanyň çempionaty badalga aldy
14.02.2018 | Boks boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň ýarym finalçylary belldi boldy