Aýdyň gijeler hojalyk jemgyýetine russiýaly wekilleriň gyzyklanmasy artýar

Aýdyň gijeler hojalyk jemgyýetine russiýaly wekilleriň gyzyklanmasy artýar

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda ýurdumyzyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň gatnaşmagynda 2021-nji ÿylyñ mart aÿynyñ 15-ne wideoaragatnaşyk arkaly türkmen-rus toparynyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşyga Aýdyň gijeler HJ wekilleri hem gatnaşdylar.Duşuşygyň barşynda türkmen-rus tarapynyň önüm öndürijileriniň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygy gineltmegiň mümkinçiliklerine garalyp, Aýdyň gijeler HJ alnyp barylýan işlere üns çekildi.

Duşuşygyň dowamynda “Aÿdyñ gijeler” hojalyk jemgyýetinde öndürilýän önümler bilen tanyşdyryldy.

Bilşimiz ýaly, ýurdumyzda 2016-njy ýylda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi bilen bilelikdäki döredilen Aýdyň gijeler HJ öndürilýän döwrebap önümler uly islege mynasyp bolýar.Ilat arasynda “Aÿdyñ gijeler” hojalyk jemgyýetinde önümçiligi ýola goýulýan dürli görnüşli LED lampalaryna, Älem, Zemin we Tolkun atly telewizorlaryna, Körpe we Milli atly telefonlaryna, Uçgun atly routerlerine, Teşne atly suw sowadyjy we gyzdyryjy enjamlaryna, Mylaýym atly kondisionerlerine, Şowly atly monobloklaryna we beýlekilere bolan islegler barha artýar.

Paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda wideoaragatnaşyk arkaly türkmen-rus toparynyň arasynda geçirilen duşuşykda Aýdyň gijeler HJ alnyp barylýan işlere aýratyn üns çekilmegi bu kompaniyanyñ russiýaly wekilleriň gyzyklanmasynyň artýandygyny görkezdi.

Ýene degişli makalalar

Zemin syýahat syýahatçylyk agentligi: dynç alyşyňyzy we iş saparlaryňyzy ussat hünärmenlere ynanyň
Sarayan Türkmenistanyň söwda toplumynyň sergisine gatnaşyjylara ýörite lybaslaryň we iş eşikleriniň täze görnüşlerini tanyşdyrýar
Asuda akym HJ Aşgabatda geçirilýän sergide Şir Ýag çalgy ýaglaryny hödürleýär
Motor ýaglaryny öndürýän Asuda akym türkmen kärhanasy Owganystanyň bazaryna çykýar
HJ: Türkmençilik türkmenleri abadançylykda saklaýarmy ýa ösüşden saklaýar?
Asuda akym HJ Şir Ýag motor ýaglaryny bir litrlik amatly gaplarda hödürleýär
HJ: Şu günki türkmençilik ahlaklylygy aňladýarmy ýa-da başga zady?