Motor ýaglaryny öndürýän Asuda akym türkmen kärhanasy Owganystanyň bazaryna çykýar

Motor ýaglaryny öndürýän Asuda akym türkmen kärhanasy Owganystanyň bazaryna çykýar

Şir Ýag haryt nyşanly çalgy ýaglary bilen tanalýan Asuda akym hojalyk jemgyýeti önümlerini Owganystanyň bazaryna çykarmak üçin B&B Group Limited (BAE) firmasy bilen dilerlik şertnamasyny baglaşdy. Bu hyzmatdaşlyk şertnamasyna Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň Söwda toplumynyň sergisiniň çäklerinde gol çekildi.

Asuda akym HJ Şir Ýag haryt nyşanly ýokary hilli çalgy ýaglaryny öndürmäge ýöriteleşendir.

Kärhana önümçilik işlerinde önümiň ýokary hilini kepillendirýän ösen tehnologiýalary we barlagdan geçen çig mallary ulanýar. Şir Ýag önümleri täsirli ulanylyş aýratynlyklary bilen tapawutlanýar we ulagyň düzüm bölekleriniň hem-de mehanizmleriň ygtybarly goragyny üpjün edýär.

B&B Group Limited firmasy bilen hyzmatdaşlyk etmek Asuda akymyň geljegi uly owgan bazaryna çykmagyna hem-de eksport mukdaryny ep-esli artdyrmagyna mümkinçilik döreder.

Kärhana geljekde üpjünçiliginiň geografiýasyny giňeltmegi we täze bazarlary özleşdirmegi maksat edinýär.

Habarlaşmak üçin:

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Paýtagtymyzda Ak şäherim Aşgabat atly köpugurly halkara sergi we maslahat geçirilýär
Ak şäherim Aşgabat atly XXV köpugurly halkara forumynda gol çekmek dabarasy geçirildi
“Ak şäherim Aşgabat 2026” halkara forumynda birnäçe resminamalara gol çekildi
Frankfurtda Türkmenistanyň Ykdysadyýetiniň günleri üstünlikli geçirildi
“Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar” atly halkara forum geçiriler
Ak bulut hojalyk jemgyýeti Gruziýa gipsokartony eksport edip başlady