Aýlagdaky arap döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň baş sekretary bilen duşuşyk

2-nji noýabrynda Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky ilçisi O.Çaryýewiň Aýlagdaky arap döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň (GCC) Baş sekretary Jasem Mohamed Albudaiwi bilen duşuşygy geçirildi.Onuň dowamynda 2023-nji ýylyň iýulynda Jidda şäherinde geçirilen GCC-niň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Sammitiniň ähmiýeti nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, Sammitiň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürlen teklipleriň durmuşa geçirilmeginiň ýollary barada pikir alşyldy.

Söhbetdeşler Türkmenistan bilen Geňeşiň ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerden ugur almak arkaly, gatnaşyklary mundan beýläk hem giňeltmek we çuňlaşdyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň tennisçileri Dewisiň Kubogynyň saýlama tapgyryna ýeňiş bilen başladylar
Saud Arabystanynа barýan Russiýanyň ýük otlusy Türkmenistanyň çäginden geçdi
Saud Arabystanynа barýan Russiýanyň ýük otlusy Türkmenistanyň çäginden geçdi
Ilkinji Russiýa-Saud Arabystany ýük otlusy Türkmenistandan geçdi
Hakan Fidan Liwana we Saud Arabystanyna sapar gurar
Ýyldyz oýunçy 2 gol geçirdi, duşuşyk deňlikde tamamlandy