Aýratyn zehinli çagalar döwlet mekdep-internatynyň uly synp okuwçylary Bakuwda geçirilen halkara olimpiadasynda şowly çykyş etdiler

Aýratyn zehinli çagalar döwlet mekdep-internatynyň uly synp okuwçylary- Baýgeldi Çolukow (10-njy synp), dokuzynjy synp okuwçylary Nurmyrat Gadamow we Ýazgeldi Mülliýew dagy Zehinleri taýýarlamagyň laboratoriýasy“ atly takyk ylymlar (matematika, fizika we himiýa) boýunça Halkara olimpiadasynda ýurdumyza mynasyp wekilçilik etdiler. Olar degişlilikde bir kümüş we iki bürünç medala, şeýle hem ýörüte diploma mynasyp boldular.

Ýaşy 16-dan uly bolmadyk zehinleriň aň-paýhas bäsleşigi Azerbaýjanyň paýtagty Bakuwda geçirildi. Oňa sekiz ýurtdan—Azerbaýjandan, Belarusdan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan, Russiýadan, Türkmenistandan, Estoniýadan okuwçylaryň 76-sy gatnaşdy.

Ders bäsleşikleriniň şertlerine görä oňa gatnaşanlaryň hersi meseleleriň onusyny çözmelidi. Ildeşlerimiz meseleleri şowly çözüp, baýrakly orunlary eýelediler.

Olaryň halypasy matematika mugallymy Arslan Hojiýew topary ýokary derejede taýýarlandygy üçin hormat sertifikaty bilen sylaglanyldy.

Olimpiada gatnaşanlaryň ählisi üçin Bakuwyň iň döwrebap okuw jaýlarynyň biri bolan häzirki zaman iň gowy laboratoriýa enjamlary we multimediýa tehnologiýalary bilen üpjün edilen nebit-gaz kollejine sapar etmek özboluşly sowgat boldy. Ýaş myhmanlar iri medeni-sergi toplumyna- Geýdar Aliýew Merkezine baryp gördüler, Azerbaýjanyň paýtagtynyň gözel ýerlerine gezelenç etdiler.

Söhbetdeşligimizde türkmen toparynyň ýolbaşçysy Arslan Hojiýew onuň şägirtleri üçin munuň halkara derejesinde ilkinji üstünlikdigini belledi. Bu okuw jaýynyň okuwçylary, beýleki türkmen okuwçylary ýaly, ýygy-ýygydan halkara ders olimpiadalarynda ýeňiş gazanýarlar we baýrakly orunlary eýeleýärler, bu bolsa bilim ulgamynda innowasiýalaryň netijeliligine şaýatlyk edýär.

Ýene degişli makalalar

Aýratyn zehinli çagalar mekdep-internatynyň okuwçylary geometriýa boýunça halkara olimpiadada baýrakly orun eýelediler
25.09.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Milli mirasyň nesil terbiýesindäki tutýan orny atly maslahat we muzeý gymmatlyklarynyň sergisi
Milli mirasyň nesil terbiýesindäki tutýan orny atly maslahat we muzeý gymmatlyklarynyň sergisi geçirildi
Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä belledi
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda gujurly ýaşlaryň döredijilik sergisi geçirildi