Aýyň ýaşy has uly bolup çykdy

Alymlar 1972-nji ýylda “Apollon” missiýasy tarapyndan Ýere getirilen Aý kristallarynyň seljermesi esasynda Aýyň ýaşyny takyk kesgitlediler. Ýeriň hemrasynyň ýaşy, çaklanyşyndan 40 million ýyl uly boldy.Aýyň emele gelmeginiň iň giňden ýaýran düşündirişi “ägirt uly urgy taglymatydyr”.

Oňa laýyklykda, gadymy döwürde Marsyň ululygyndaky bir planeta ýaş Ýer bilen çaknyşypdyr.Bu çaknyşykdan zyňlan parçalar bolsa, Aýy emele getiripdir.

Başda Aýyň ýüzüni magma ummany örtüpdir. Ýeriň hemrasynyň ýüzi sowap gatandan soň sirkon kristallary emele gelipdir. Alymlar bu kristallary “Apollon”-yň getiren jisimlerinde hem ýüze çykardylar we mass-spektrometriň kömegi bilen olaryň ýaşyny kesgitlediler. Barlagyň netijeleri, Aýyň ýaşynyň 4,46 milliard ýyl bolandygyny görkezdi. Ol 4,54 milliard ýyl ozal emele gelen Ýerden birneme ýaş eken.

Bu kristallar ägirt uly çaknyşykdan soň emele gelen iň gadymy gaty jisimlerdir diýip, Çikago uniwersitetiniň kosmohimigi Filipp Hek aýtdy.

Alymlar Aýyň biziň tebigy ulgamymyzyň bir bölegidigini bellediler, sebäbi onsuz Ýerdäki ýaşaýyş düýbünden başgaça bolardy. Täze barlaglar, onuň taryhyna we ewolýusiýasyna has gowy düşünmäge mümkinçilik berýär diýip, “Geochemical Perspectives Letters” atly ylmy žurnalda bellenilýär.

Ýene degişli makalalar

Germaniýada ýedi merkezi aziýaly, şol sanda bir türkmenistanly terrorçylykda aýyplanýar
2-nji Aýynda Ysraýylyň Gaza Hüjümleri we Oňa Seslenmeler
Balkanyň bankomatlarynda nagt pul tapdyrmaýar
Gülli Aýyň ganhorlary ýylyň iň gowy filmi diýlip yglan edildi
“Öten günler” iň gowy film saýlandy
Awgust Aýynyň 15-i Bilen Noýabr Aýynyň 23-i Aralygynda 649 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi