Az sanly goşar sagady satyldy

Müşderileriň isleglerine görä, gymmat bahaly az sanly sagatlary öndürýän Patek Philippe kompaniýasynyň Reference 1518 atly sagady auksionda rekord bahadan satyldy.Goşar sagady Ženewada geçirilen auksionda 14,2 million şweýsar frangyna (17,6 million amerikan dollary) satyldy.

Sagadyň gymmat bolmagynyň sebäbi poslamaýan polatdan we bary-ýogy 4 sanysynyň öndürilen bolmagy bilen baglydyr. Şeýle bolansoň, ol altyndan ýasalan sagatlardan hem gymmada satyldy.Mundan ozal şol sagat 2016-njy ýylda 11 million şweýsar frangyna (13 million 668 müň amerikan dollary) satylypdy.

2019-njy ýylda Şweýsariýanyň Patek Philippe kompaniýasynyň Grandmaster Chime sagady 31 million amerikan dollaryna satylyp, häzire çenli bu ugurdaky rekordy özünde saklaýar.

Guwanç ÝAZMYRADOW,

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyby.

Ýene degişli makalalar

BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň Maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň 75-nji sessiýasy geçirildi
BMG Türkmenistanyň raýatsyzlygy ýok etmek ugrundaky tagallalaryna ýokary baha berýär
BMG raýatsyzlygy ýok etmekde Türkmenistanyň goşandyna ýokary baha berdi
“Seýsmologiýa we seýsmika durnukly gurluşyk” boýunça onlaýn okuw maslahaty: Halkara we milli tejribeleriň utgaşygy
Täze okuw ýylyndan Türkmenistanyň ÝOM-lerinde nähili täze hünärler öwredilip başlanar?
Dalaşgärleriň resminamalary kabul edilýär