“Seýsmologiýa we seýsmika durnukly gurluşyk” boýunça onlaýn okuw maslahaty: Halkara we milli tejribeleriň utgaşygy

14-nji noýabrda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň gurnamagynda “Seýsmologiýa we seýsmika durnukly gurluşyk” atly onlaýn okuw maslahaty geçirildi.

Okuw maslahatyna ýurdumyzyň öňdebaryjy ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, alymlar, talyplar, inženerler we degişli pudak edaralarynyň hünärmenleri gatnaşdy.Onlaýn duşuşykda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit-gaz uniwersiteti, S.A.

Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we kommunikasiýalar instituty, Türkmen oba hojalyk instituty hem-de Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň wekilleri duşuşyp, özara tejribe alyşdylar.

Maslahatyň dowamynda birnäçe çykyşlar diňlenildi.Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň “Awtomobil ýollarynyň gurluşygy” kafedrasynyň müdiri, tehniki ylymlaryň kandidaty Ý. Myradow, şol kafedranyň uly mugallymy A. Garajaýew, şeýle hem degişli ugurlar boýunça öňdebaryjy hünärmenler — Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk ylmy-barlag institutynyň baş hünärmeni S. Baýmyradow we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Seýsmologiýa we atmosferanyň fizikasy institutynyň birinji derejeli inženeri R. Çaryýew çykyş edip, häzirki zaman seýsmologiýasynyň esasy ugurlaryny giňişleýin beýan etdiler.

Çykyşlarda ýertitremeleriniň tebigaty, seýsmik tolkunlaryň gurluşyklara ýetirýän mehaniki täsiri, seýsmik energiýanyň siňdirilişi, binagärlik desgalarynyň berkligini ýokarlandyrmak boýunça ulanylýan usullar hem-de dünýä tejribesinde synagdan geçen inženerçilik çözgütleri aýratyn bellenip geçildi.

Türkmenistan seýsmiki taýdan işjeň zolakda ýerleşýändigi sebäpli, gurluşyk işleriniň ähli tapgyrlarynda — taslama taýýarlamakdan başlap ulanyşa girizilmegine çenli — ylmy çemeleşme, takyk hasaplamalar we halkara synaglary bilen gabat gelýän seljerme işleriniň möhüm orny bar.

Maslahata gatnaşanlar Türkmenistanyň Gurluşyk kadalarynyň (TGK) we Türkmen Döwlet standartlarynyň (TDS) ýurdumyzyň tebigy, geologik, atmosferik hem-de seýsmologik aýratynlyklary göz öňünde tutulyp yzygiderli döwrebaplaşdyrylýandygyny bellediler. Halkara tejribe, şol sanda:

Eurocode;

IBC (International Building Code);

AASHTO;

ASTM ýaly dünýäniň öňdebaryjy gurluşyk kadalary ýurdumyzda ulanylýan kadalara ylmy esasda uýgunlaşdyrylýar. Bu bolsa ýurdumyzda gurulýan binadyr desgalaryň berkligini, durnuklylygyny we ulanyş howpsuzlygyny ep-esli ýokarlandyrýar.

Bu ugurda Türkmenistanyň Prezidentiniň kabul edýän Döwlet maksatnamalary, meýilnamalary we strategiýalary aýratyn orny eýeleýär. Şol sanda:

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 23-nji ýanwarynda çykaran 1061-nji karary bilen tassyklanan “Türkmenistanyň seýsmik taýdan howply zolaklarynda seýsmik töwekgelçiligi peseltmek” Maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy”

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň 9-njy sentýabrynda çykaran 245-nji karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda seýsmologiýa ylmyny toplumlaýyn ösdürmegiň 2022-2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy” ýurdumyzda seýsmik howpsuzlygyň binýadyny has-da pugtalandyrýar.Bu resminamalar gurluşyk desgalarynyň berk binýadynyň döredilişinde ylmy seljerme, ylmy synag işleri we halkara ölçeglerine laýyk taýýarlygy talap edýär.

Awtoulag ýollary, köprüler, uçuş-meýdançalary, tuneller ýaly iri inženerçilik desgalary birnäçe ulgamy özünde jemleýär. Munuň özi ýurdumyzyň ulag-ýol infrastrukturasynyň döwrüň innowasion halkara talaplaryna laýyklykda kämilleşdirilýändiginiň beýanydyr.

Ýol gurluşygynda ulanylýan:

asfalt we asfalt-beton garyndylarynyň düzümi;

sement-beton örtükleriniň berkligi;

ýol düşeginiň geomehaniki aýratynlyklary;

gum düşeginiň berkligi we durnuklylygy;

toprak gatlaklarynyň geodinamiki häsiýetleri özüne degişli barlaghanalarda seljerilýär.

Bu bolsa ýurdumyzda gurlan her bir ýolunyň, her bir köpriniň, her bir desganyň uzak ýyllaryň dowamynda ygtybarly hyzmat etmegine şert döredýär.

Şeýle hem, ýurdumyzda alnyp barylýan gurluşyk işleri diňe bir tehniki çözgütler bilen çäklenmän, ýurdumyzyň seýsmik howpsuzlygyny halkara ölçegde üpjün edýän ulgam hökmünde ösdürilýär. Gurluşyk kadalarynyň döwrebaplaşdyrylmagy, täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, hünärmenleriň yzygiderli taýýarlygy ýurdumyzda gurulýan her bir binadyr desgalarda milli buýsanjymyzyň beýik nyşanyna öwrülýär.

“Seýsmologiýa we seýsmika durnukly gurluşyk” atly okuw maslahaty hem hut şu ugurda alnyp barylýan giň gerimli işleriň nobatdaky möhüm basgançagydyr.

Bu çäreleriň esasynda alnyp barylýan ylmy-amaly hyzmatdaşlyk, ýokary okuw mekdepleriniň, ylmy merkezleriň we ministrlikleriň bilelikdäki tagallalary ýurdumyzyň durnukly ösüşine, halkymyzyň abadançylygyna, geljek nesiller üçin howpsuz we berk binýadyň döredilmegine hyzmat edýär.

Okuw maslahatynyň ähli gatnaşyjylary, çykyş eden mugallymlar, alymlar we inženerler ýurdumyzda seýsmik howpsuzlygy üpjün etmek, gurluşyk ulgamyny kämilleşdirmek babatda ýola goýlan beýik başlangyçlara ýokary baha berdiler.

Ýolly Myradow,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň “Awtomobil ýollarynyň gurluşygy” kafedrasynyň müdiri, tehniki ylymlaryň kandidaty

Ýene degişli makalalar

25.09.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanda ýer titremeleriniň töwekgelçiligini azaltmak boýunça taslama durmuşa geçirilýär
Aşgabatda binalaryň seýsmiki ýagdaýy boýunça seminar geçirilýär
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hatyra güni mynasybetli çärelere gatnaşdy
06.10.2020 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hatyra güni mynasybetli çärelere gatnaşdy
11.03.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Azerbaýjan Respublikasyna resmi sapary