Azat Garajaýew Şagadam futbol toparynyň baş tälimçisi boldy

Azat Garajaýew Şagadam futbol toparynyň baş tälimçisi boldy

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň ozalky goragçysy Azat Garajaýewe tälimçilik ýolunda ilkinji gezek baş tälimçiniň wezipesi ynanyldy. Ol Şagadam futbol toparynyň baş tälimçisi wezipesine bellenildi ― diýip, Janköýer ýazýar.

Azat Garajaýew baş tälimçilige erbet hem başlamady. Ol Ýokary ligada şowsuz çykyş edip gelýän Şagadam bilen Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň kubogynda bürünç medala mynasyp boldy.

Garajaýew futbolçy wagtynda ýurdymyzyň Şagadam, HTTU, Altyn Asyr we Nebitçi toparlarynda çykyş etdi. Soňky 6 ýylyny Nebitçiniň kapitany bolan 39 ýaşyndaky Azat milli ýygyndymyzyň hem birnäçe gezek adyndan çykyş edipdi. Tälimçilik kariýerasyna geçen ýyl Energetik toparynda baş tälimçisiniň kömekçisi bolup başlapdy.

Garajaýew ilkinji sapar baş tälimçi bolup, ýanyna kömekçi tälimçiler hökmünde Begenç Garaýew, Ýewgeniý Tkaçenko we Witaliý Anisiçkini aldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli yglan edilen döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglandy
Döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
Türkmenistanyň futzal ýygyndysy Aziýanyň kubogynyň saýlama tapgyryna ýeňiş bilen başlady
Türkmenistanyň futzal ýygyndysy Daşkentde iki ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer
Serçä öwrülen oglanjyk sahna çykýar
Türkmen döwlet gurjak teatrynda täze eser sahnalaşdyryldy