Türkmenistanyň futzal ýygyndysy Daşkentde iki ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer

Türkmenistanyň futzal ýygyndysy Daşkentde iki ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer

Aziýanyň Kubogynyň saýlama tapgyryna taýýarlygynyň çäginde Türkmenistanyň milli ýygyndysy Daşkent şäherinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýär. Onuň dowamynda ýygyndy toparymyz 4-nji aprelde “Bunýodkor”, 5-nji aprede bolsa Özbegistanyň ýygyndy topary bilen ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçirer. Bu barada TFF-niň resmi saýty habar berýär.

Ýurdumyzyň milli ýygyndysynyň tälimçiler hem-de oýunçylar düzümi okuw-türgenleşik ýygnanyşgyndan soň, 7-nji aprelde Daşkent şäherinden saýlama tapgyrynyň geçirilýän ýeri bolan Bişkek şäherine ugur alar.

Guwanç Kanaýewiň baş tälimçiligindäki ýygyndy toparymyzyň tälimçiler düzüminiň saýlama tapgyryna gatnaşmak üçin ýerli çempionatymyzda çykyş edýän oýunçylaryň 15-sini (Maksat Amanow, Mülkaman Annagulyýew, Nepesgeldi Annaýew, Şiri Baýramdurdyýew, Meretgeldi Baýramow (d), Kadyr Berenow, Daýanç Garajaýew, Gylyçmyrat Gylyçmyradow, Allamyrat Gurbanow, Röwşen Rejepdurdyýew, Röwşen Orazmuhammedow, Berdimyrat Sapardurdyýew (d), Gurbangeldi Sähedow, Maksat Soltanow, Mekan Şamyradow) çagyrandyklaryny bellemek gerek.

Ýeri gelende bellesek, Aziýa Kubogy-2022-niň saýlama tapgyrynda sebitleriň dördüsine bölünen milli ýygyndylaryň 30-sy çykyş eder.Geçirilen bije çekişligiň netijesinde Türkmenistanyň milli ýygyndysy Merkezi we Günorta sebitinde geçiriljek saýlama duşuşyklarynda “A” toparçada çykyş eder. Ýygyndy toparymyzyň bu tapgyrdaky garşydaşlary Eýranyň, Gyrgyz Respublikasynyň hem-de Maldiwleriň ýygyndy toparlary bolarlar.

Bu sebitde geçiriljek saýlama tapgyrynyň “B” toparçasynda Özbegistanyň, Täjigistanyň, Owganystanyň hem-de Nepalyň milli ýygyndylary bäsleşerler.

Ýurdumyzyň milli ýygyndysynyň birinji duşuşygy 10-njy aprelde geçiriler (Gyrgyz Respublikasy-Türkmenistan). 11-nji aprelde Eýranyň ýygyndysy bilen duşuşjak ýygyndy toparymyzyň toparçadaky soňky garşydaşy Maldiwleriň ýygyndysy bolar (12-nji aprel).

Her toparçada ilkinji iki orny eýelän ýygyndy toparlar Aziýa çempionatynyň final tapgyrynda çykyş etmäge mümkinçilik alarlar.

Futzal boýunça Aziýa Kubogynyň final tapgyrynyň şu ýylyň 25-nji sentýabry bilen 20-nji oktýabry aralygynda Kuweýtde geçiriljekdigini bellemek gerek.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli köp sanly watandaşlaryna döwlet sylaglaryny berdi
"Azatlygyň" žurnalistleriniň 70 ýyllyk ýoly
Türkmenistanyň futzal boýunça Naýbaşy ligasyna badalga berildi
25.09.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanyň futzal ýygyndysy ýoldaşlyk duşuşygynda Bunýodkory uly hasap bilen ýeňdi