Azatlygyň öňki habarçysy Allaşow Daşoguzda tussag edildi

Azatlygyň öňki habarçysy Allaşow Daşoguzda tussag edildi

Türkmenistanda polisiýa Azatlyk Radiosynyň öňki habarçysy Hudaýberdi Allaşowy tussag etdi. Žurnalistiň ýakynlarynyň sözlerine görä, polisiýa Allaşowy Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç şäherindäki öýünden alyp gidipdir.Tussag edilmezinden birnäçe gün öň, Allaşowyň ýerli polisiýa edarasyna çagyrylandygy, ol ýerde urlandygy we gynamalara sezewar edilendigi barada Azatlyga belli boldy.

Polisiýanyň ondan anyk nämeleri talap edendigini Azatlyga anyklamak başartmady.Allaşow Azatlyk Radiosy bilen 2016-njy ýylda hyzmatdaşlyk etdi. Şol ýyl ol we onuň ejesi nas saklamakda aýyplanyp, tussag edilipdiler.

34 ýaşly Allaşowyň tussag edilendigini onuň ýakynlary 1-nji dekabrda Azatlyga ýetirdiler. Olaryň sözlerine görä, birnäçe polisiýa işgäri gündiz sagat 4-lerde öňki žurnalistiň Köneürgençdäki öýüne kürsäp girýär we zor bilen ony çykaryp, ulagyň içine salyp äkidýär. Şondan bäri Allaşowyň ykbaly barada maglumat ýok.

Mundan birnäçe gün öň, Allaşowyň Köneürgenjiň polisiýa edarasyna çagyrylyp, ol ýerde urlandygy we elektrik togy bilen gynalandygy aýdylýar. Azatlyk bu maglumaty, şeýle-de onuň gynamalar bilen soraga çagyrylmagynyň mümkin sebäplerini tassykladyp bilmedi.

Hudaýberdi Allaşow 2016-njy ýylyň oktýabr-dekabr aralygynda Azatlyk bilen hyzmatdaşlyk saklady. Dekabrda ol we onuň ejesi Gurbantäç Arazmýadowa, hamala, nas serişdelerini saklandygy baradaky galp aýyplamalar bilen tussag edildiler. Allaşowyň tussag edilen güni, ýagny 2016-njy ýylyň 3-nji dekabrynda Daşogzuň kanun goraýjy edaralaryna onuň Azatlyk Radiosy bilen hyzmatdaşlyk saklaýandygy mälim bolandygy anyk belli.

Şol pursat, Azatlygyň çeşmeleri Hudaýberdiniň we Gurbantäjiň Köneürgenjiň polisiýa edarasynda gazaplylyk bilen urlandygyny we, şol sanda elektrik togy bilen hem gynalandygyny aýtdylar. Azatlykda žurnalistiň we onuň ejesiniň işini Milli Howpsuzlyk Ministrligiň Daşoguz welaýat boýunça bölüminiň alyp barandygy barada maglumat bar. MHM işgärleri Allaşowdan we Arazmýadowadan başga-da, žurnalistiň aýaly Ejeşi we iki sany ýaş çagasyny hem soraga çagyrdylar.

Daşary ýurt diplomatlarynyň we halkara guramalarynyň goşulmagy netijesinde, Allaşow we onuň ejesi 2017-nji ýylyň fewralynda azatlyga çykdylar. Emma sud olary şertli ýagdaýda üç ýyl tussaglyga höküm etdi. Türkmenistanyň kanunçylygynda nas serişdelerini saklamak üçin jenaýat jogapkärçiligi göz öňünde tutulmadyk bolsa-da, bular ýaly höküm çykaryldy.

Tussaglykdan çykandan soň, Allaşow türkmen häkimiýetleri tarapynda dowam edýän basyşlar sebäpli, Azatlyk Radiosy bilen hyzmatdaşlygyny kesdi. Üç aý dowam eden tussaglyk we gödek daranyş sebäpli Allaşowyň we Arazmýadowanyň saglyk ýagdaýy juda gowşady.

Emma onda-da kanun goraýjy edaralaryň basyşlary ýatmady.Allaşowlaryň Köneürgençdäki öýüne polisiýa we MHM işgärleri hiç hili sebäpsiz gelip, olara gorkuzdylar we haýbat atdylar.Hususan-da, Azatlyk Daşoguz barada islendik bir maglumat çap etse, olara hem basyş güýçlendi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Belentden ýaňlanan owazlar
CPJ: Nurgeldi Halykow metbugatda özi barada çykýan her bir maglumat üçin ýeke adamlyk kamera salynýar
Täze slanes gaz gory tapyldy
Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň mejlisi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy diýen adyny dakmak hakynda