Azatlyk Radiosynyň öňki işgäri Oraz Yklymow dünýäden ötdi

Azatlyk Radiosynyň öňki işgäri Oraz Yklymow dünýäden ötdi

Azatlyk Radiosynyň Türkmen gullugynyň ştatdan daşary habarçysy bolan Orazmuhammet Yklymow 76 ýaşyny dolduryp, uzak waglap dowam eden agyr hassalygyň netijesinde dünýäden ötdi.

Oraz Yklymow 90-njy ýylyň ortalarynda, Türkmenistandan çykyp, Moskwa barandan soňra Azatlyk Radiosy bilen hyzmatdaşlyga başlapdy we 2011-nji ýyla çenli işläpdi.

Ol guraksy žurnalistikanyň tarapynda däldi. “Biziň milletimiz duýga aýratyn sarpa goýýan halk, şonuň üçinem efire gitjek materialy ýürege ýakyn edip bermeli. Adamlar aýdylan zady gulakdan däl, ýüreginden eşidýär” diýýärdi.

Orazmuhammet Yklymowyň Azatlyk Radiosy bilen hyzmatdaşlygy artyp başlanynda, owgan temasy hem ör-boýuna galdy. Geçen asyryň aýagynda talyplar öz göreşini has giňeldip, ahyrynda Owganystana eýelik etdiler. Owgan temasy Azatlygyň günübirin gozgaýan meselelerinden birine öwrüldi.

Gepleşiklerde käbir düşnüksiz sözler, terminler gabat gelýärdi. Olaryň manysyny Oraz agadan soraýardylar. Ýer atlary, Owganystandaky belli şahsyýetler hem dürli tireler barada Oraz Yklym gymmatly maglumat çeşmesidi. Onuň Owganystan boýunça uly tejribesi bardy. Ol Owganystanda KGB-niň sowet razwedkasynda işläpdi.

“Owgan halkynyň bagty getirmedi, uruş üstüne uruş, indi näçe ýyllardan bäri ol milletiň görýäni şol” diýip, gynanç bilen gaýtalaýardy.

Ol aslynda pars dilini gowy görýärdi. “Azatlygyň merkezi binasy Pragada bolanymda, pars dilli tanyşlarym bilen gürleşip, birsellem hezil edinýän” diýýärdi.Sowatly hem köp maglumaty bolan ynsandy we gürrüňdeşlige ak ýürekden berilýärdi. Şol açyklyk hem ony başgalar bilen ýakynlaşdyrdy.

Berilýän soraglara hiç bir zatdan çekinmän, dogry jogap gaýtarýardy.Mümkinçilik bolanda ýa bir mesele bilen üstünden barlanda, öz ýaşlygyny, gowy görýän dostlaryny ýatlamagy halaýardy.

“Biz KGB höwes bilen romantika berlip bardyk. Ol bolsa bizi yza öwrülip bolmajak heläkçilige eltdi. Deň bolmadyk göreşde ýeňiş ýok. Men oňa orta ýaşda düşündim” diýip, Orazmuhammet Yklymow geçmişini ýatlaýardy.

Ol mydama yzyny ýatlaýardy. Çagalygynyň geçen ýerleri Guşgy sebitlerine aýratyn höwesi bardy. Ýogsa olar Guşguda çatmada ýaşapdyrlar, açlygy görüpdirler, şonda-da Pendi çölüni dünýäniň iň gözel künjegi saýýardy.

Ýaşlyk döwründen onuň beýleki bir höwes edip ýatlaýan zady Aşgabat durmuşydy.

“Çärjew” köçesinde, öňki “Mebel” dükanynyň ýokarsynda ýaşan ýyllarym ömrümiň iň bagtly pursady boldy. Çagalarym ýaşdy, olara diňe guwanmak mümkindi. Olaryň her sözi biz üçin bir şatlykdy. Şol beton jaýdaky durmuşym ömrümiň güli eken. Meni KGB Owganystana ýollanynda, ähli hözirlik sowaldy. Ol uruş diňe owgan halkyna däl, köplere betbagtlyk getirdi diýip ýatlaýardy.

Orazmuhammet Yklymow türkmen döwlet uniwersitetiniň rus filologiýasy fakultetini gutarypdyr.Student ýyllarynyň ýatlamalarynda şahyrlar Gurbannazar Ezizowy, Annasoltan Kekilowany hem-de edebiýatçy Derýa Baýramgulyýewi köp ýatlaýardy.Gurbannazaryň poeziýasyndan birnäçe goşgyny ýatdan bilýärdi.

Ol köpçülige entek mälim bolmadyk: “Otuz ýaşar Derýa böwrüňden süsse (...) setiri bilen başlanýan Gurbannazaryň ekspomt eserini aýdyp berýärdi.Rus poeziýasynda simwolizmi başlan W.Brýusowyň “Ýagyş” goşgusy bilen Gurbannazaryň şu temadan ýazan goşgusyny deňeşdirýärdi.

Annasoltan Kekilowanyň aşa açyklygy barada guwanyp gürrüň berýärdi.

Nusgawy rus edebiýatyndan Lew Tolstoýy aýratyn gowy görýärdi. Bu ussat ýazyjynyň ynsan ynanjy hakdaky pikirini psihologiýa älemindäki aýratyn açyş hasaplaýardy. Onuň uniwersitetde gowy bilim alandygy belli.

Türkmenistan Garaşsyzlygyny alandan soň ol ýurdy terk etmäge mejbur bolýar. Iňlis, pars, rus hem türkmen dillerini gowy bilýän, durmuş tejribesi ýetik ol adama öz Watanynda iş tapylmaýar, ol Moskwa gaýdýar. Öň duşmançylykly radio’ diýilýän Azatlykda bolsa oňa täze gapy açylýar.

Orazmuhammet Yklymowyň soňky ýyllaryny Awstriýada geçirdi. Şu ýylyň tomsunda bolsa Kryma göçüp gidipdir. “Ol ýer biziň ýurdumyza golaý, onsoňam Krymyň howasy Türkmenistana çalymdaş” diýip, şol ýeri höwes edýärdi. Ol toprak hem Orazmuhammet Yklymowyň soňky düşelgesi bolupdyr. Adam ömri şeýle, munda esasy zat öz hyzmatyňy göwnelaýyk bitirmekde bolsa gerek.

Ol bu durmuşyň iňňän kiçijik zadyndan şatlyk tapmagy, oňa guwanmagy başarýan adamdy.

Orazmuhammet Yklymow barada ajy habary eşidenimde, men ol aýdan kitabyny ýazdymyka diýip oýlandym. Sebäbi örän baý maglumata eýe bolan, ýakyn taryhymyz üçin iň zerur maglumatlary bilýän ynsan aramyzdan gidipdir.

Bu nähili agyr. Biz soňky ýyllarda görşübem bilmedik. Jaýyň Jennetden bolsun, Oraz aga!

Hudaýberdi HALLY, ýazyjy.

Ýene degişli makalalar

Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli köp sanly watandaşlaryna döwlet sylaglaryny berdi
Türkmenistanly okuwçylaryň halkara üstünligi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenhowaýollarynyň uçary Jiddada garşylandy
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY O.A.ÇARYÝEW hakynda