“Azatlyk” radiosynyň Türkmenistanyň hökümetindäki çeşmä salgylanyp berýän maglumatyna görä, Türkiýäniň Polimex” gurluşyk firmasy ýurtda guran dürli gymmatbaha desgalarynyň puluny doly alyp bilmeýär.
Neşiriň maglumatyna görä, Türkmenistanyň bu kompaniýa $800 million bergisi bar. “Polimex” täze aeroportyň gurluşygynyň we olimpiýa şäherçesinde guran desagalarynyň puluny doly almady. Mundanam başga, gurluşyk firmasy Aşgabatda 2017-nji ýylyň sentýabrynda geçirilen Aziýa oýunlarynyň açylyş we ýapylyş dabaralary üçin serişde berdi.
Ady aýdylmadyk çeşmäniň tassyklamagyna görä, haçanda bu kompaniýa öz algylaryny soranda, prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň “gahary gelipdir”.
“Polimex” bilen arada dörän konflikt bilen baglylykda, Türkmenistan ýurtda täze gurluşyk desgalaryny gurmak üçin başga kompaniýalary çekmäge başlady. Täze proýektler hususan-da “Bouygues” (Fransiýa), Calik Holding (Türkiýe) we “Reneyssans” (Türkiýe) kompaniýalaryna berilýär.
Azatlyk” radiosy habarlaşanda “Polimex” bu maglumaty ret etdi.
Ýatladýarys, biraz öň Türkiýäniň uly bolmadyk gurluşyk firmalarynyň Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçihanasynyň öňünde piket geçirýändigi, olaryň tabşyran gurluşyk desgalary üçin pul talap edýändigi habar berildi.
