Aždarhanyň öýi atly köp bölümli filmiň surata düşüriliş işleri tamamlandy

Aždarhanyň öýi atly köp bölümli filmiň surata düşüriliş işleri tamamlandy

Tagt oýunlary atly meşhur filmdäki çaknyşyklardan öň bolup geçen wakalary öz içine alýan Aždarhanyň öýi atly täze köp bölümli filmiň surata düşüriliş işleri tamamlandy. HBO we HBO MAX kontentleriniň başlygy Keýsi Bloýsyň aýtmagyna görä, indi ýaýlym ýolbaşçylaryna diňe onuň ilkinji görkezilişiniň senesini kesgitlemek galdy.

Aždarhanyň öýi filmi Jorj R.R. Martiniň Ot we gan romanyna esaslanýar, bu romanda Tagt oýunlaryndan 300 ýyl öň bolup geçen wakalar hakynda gürrüň berilýär. Täze ýerleri basyp almak üçin Waleriýany terk eden Targariýen maşgalasy filmiň üns merkezinde bolýar.

Film.ru saýtynyň habar bermegine görä, bu filmde Emma D’Arsi, Mett Smit, Stiw Tussen, Oliwiýa Kuk we beýlekiler surada düşdüler. Raýan Kondal we Migel Sapoçnik bolsa filmiň sýužetini kesgitleýji prodýuserleriň wezipelerini ýerine ýetirdiler.

Ýene degişli makalalar

Aždarhanyň öýüniň ikinji möwsümi 2024-nji ýyldan bärde çykmaz
Aşgabatda Gagariniň ýadygärliginde gül goýmak dabarasy geçirildi, Lebapsuwhojhalyk birleşiginiň tehniki parky Ýaponiýanyň Komatsu kompaniýasynyň täze ulaglary bilen üpjün edildi we beýleki habarlar
HBO Garri Potter köp bölümli filmini surata düşürip başlar
Aždarhanyň öýüniň dokuzynjy bölümine iň köp adam tomaşa etdi
“Tagtlaryň oýnunyň” prikweli awgustyň aýagynda ekrana çykar
KHBS: Los-Anjelesiň kinostudiýalary önümçiligi 40% ýokarlandyrdy