KHBS: Los-Anjelesiň kinostudiýalary önümçiligi 40% ýokarlandyrdy

KHBS: Los-Anjelesiň kinostudiýalary önümçiligi 40% ýokarlandyrdy

2022-nji ýylyň birinji çärýeginde Los-Anjelesde kino önümçiliginiň göwrümi 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 40,2% ýokarlandy. Bu barada FilmLA täjirçilik däl guramasynyň hasabatyna salgylanyp, “Variety” žurnaly habar berdi.

Ýanwar aýyndan mart aýy aralygynda Los-Anjelesde 9 832 kino surata düşürme güni geçirildi.Soňky gezek şeýle görkeziji 2016-njy ýylda bellige alyndy, şonda kino surata düşürme 9 725 günüň dowamynda alnyp baryldy. Şol bir wagtyň özünde, hasabatda 2021-nji ýylyň dördünji çärýegi bilen deňeşdirilende kino önümçiliginiň depgininiň birneme peselendigine garamazdan, 2022-nji ýylyň ilkinji üç aýynyň görkezijileriniň 2021-nji ýylyň degişli döwrüne garanyňda ýokary bolandygy aýdylýar. Şol wagt önümçilik delta-ştammynyň ýaýramagy bilen baglylykda, 7 011 surata düşürme gününe çenli azalypdy.

Koronawirus bilen bagly ýagdaýyň gowulaşmagy telewideniýe önümçiligine-de öz täsirini ýetirdi, 2022-nji ýylyň ýanwar mart aýlarynda Los-Anjelesde geçen ýyl bilen deňeşdirilende 18,7% köp film we realiti-şou surata düşürildi.

Serial önümçiliginiň ýyllyk möçberi bolsa 12,3% azaldy (2021-nji ýyldaky 1 459 surata düşürme gününden 2022-nji ýylda 1 279 güne çenli), şeýle-de bolsa bu görkeziji soňky bäş ýylda ýanwar mart aýlaryndaky ortaça görkezijiden 8,6% ýokarydyr.

Los-Anjelesde surata düşürilen seriallaryň arasynda şular bar: “Elhençlikleriň amerikan taryhy” (FX), “Kiçijik Amerika” (Apple TV+), “Perri Meýson” (HBO), “S.W.A.T: perişdeleriň şäheriniň ýörite harby topary” (CBS), “Stýuardessa” (HBO Max).

Ýene degişli makalalar

Kofe galyndysyndan ýasalan galam
Dünýäniň iň gymmat şäheri
Gollandiýaly aýakýalaňaç 3,5 müň kilometr ýol geçip, dünýä rekordyny goýdy
Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlaryny taýýarlamak boýunça Guramaçylyk topary döredildi
3-nji oktýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Türkmen türgenlerini "Olimpiýa-2028-e" taýýarlamak boýunça guramaçylyk topary döredildi
Türkmenistan sport ýurdy