Azerbaýjan, BRICS-e Agza Bolmak Isleýär

Azerbaýjan, BRICS-e Agza Bolmak Isleýär

Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň başlygy Sahibe Gafarowa, ýurdunyň BRICS-e agza bolmak isleýändigini mälim etdi.

Sahibe Gafarowa, Russiýanyň San.Peterburg şäherinde geçirlen BRİJ-e agza ýurtlaryň Parlament forumyna gatnaşdy.

Azerbaýjanyň hem özara gatnaşyklarda hem-de köp taraply formatlarda hyzmatdaşlygyny we arkalaşygyny höweslendirmek isleýändigini nygtan Gafarowa, “BRICS-e agza ýurtlar hem şol ýörelgelere uly ähmiýet berýär. Azerbaýjan hem BRICS-e agza bolmak isleýär” diýdi.

Gazagystanyň paýtagty Astanada iýul aýynyň 3-4-i aralygynda geçirlen Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň liderler sammitiniň çäginde Azerbaýjan bilen Hytaýyň arasynda strategik hyzmatdaşlygyň gurulmagy üçin bilelikdäki jarnama kabul edilipdi.

Jarnamada, Azerbaýjanyň BRICS-e agza bolmak isleýändigi nygtalypdy. Hytaýyň hem Azerbaýjanyň gurama agzalygyna oňyn garaýandygy ýatladylypdy.

Ýene degişli makalalar

Azerbaýjan BRICS-e Agza Bolmak Üçin Ýüz Tutdy
G-7-ä Agza Ýurtlar Ýakyn Gündogarda Asuda Ilatyň Ýogalmagyna Sebäp Bolýan Hüjümleri Ýazgardy
Türki döwletleriň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlarý
Ýewraziýa ýurtlarynyň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary
Türkmenler azeri halkyna duýgudaşlyk bildirýär, uçar heläkçiligi boýunça halkara derňewini nygtaýar
Diňle: Balkanda et, balyk we miwe önümleriniň bahalary 1,5 esse çemesi gymmatlady