G-7-ä Agza Ýurtlar Ýakyn Gündogarda Asuda Ilatyň Ýogalmagyna Sebäp Bolýan Hüjümleri Ýazgardy

G-7-ä Agza Ýurtlar Ýakyn Gündogarda Asuda Ilatyň Ýogalmagyna Sebäp Bolýan Hüjümleri Ýazgardy

G-7-ä agza ýurtlaryň liderleri, Ýakyn Gündogarda asuda ilatyň ýogalmagyna sebäp bolýan hüjümleri ýazgarýandyklaryny, esasan zenanlar we çagalar bilen birlikde köp sanly adamyň ýogalmagynyň kabul edilmesizdigini, çekilýän adam pidalaryna alada bildirýändiklerini mälim etdi.

ABŞ-dan, Germaniýadan, Britaniýadan, Ýaponiýadan, Fransiýadan, Kanadadan we Italiýadan ybarat G-7 ýurtlarynyň we ÝB-ne agza ýurtlaryň liderleriniň gatnaşmagynda Italiýanyň Borgy Egnazia sebitinde geçirlen we 2 gün dowam eden G-7-niň 50-njy liderler maslahaty jemleýji jarnamasynyň çap edilmegi bilen öz işini tamamlady.

Ysraýyla goldaw berilýändigi nygtalan jarnamada “Ysraýyl özünü goramak hukugyndan peýdalanýarka, halkara hukuk kadalaryna laýyklykda hereket etmeli” diýildi.

Jarnamada “Asuda ilatyň ýogalmagyny ýazgarýarys we esasan zenanlaryň we çagalaryň ýogalmagyna sebäp bolan hüjümlere alada bildirýäris” diýildi.

Jarnamada şeýle hem ähli taraplara asuda ilatyň goralmagy üçin çagyryş berildi.

G-7-ä agza ýurtlaryň liderleri, ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeniň Gazada hüjümleriň bes edilmegi üçin beren teklibine goldaw berýändiklerini mälim etdi.

Hamasa bolsa bu teklibi kabul etmegi üçin çagyryş berildi.

Jarnamada, Russiýa-Ukraina söweşinde Ukraina berilýän goldawyň dowam etjekdigi nygtaldy.

Ýene degişli makalalar

Ysraýylyň harby goşunynyň Günbatar Şeriadaky hüjümleri köpçülikleýin göç edilşige sebäp boldy
Ysraýylyň Guran Soňky Hüjümlerinde 20 Adam Ýogaldy
Ysraýyl günorta Siriýa howa hüjümlerini guraýar
Ysraýyl Ylalaşyga Garamazdan Liwana Hüjüm Gurady
Hüjümleriň bes edilmeginden bäri Ysraýyl Gazada azyndan 118 palestinalyny öldürdi
Azerbaýjan BRICS-e Agza Bolmak Üçin Ýüz Tutdy
Azerbaýjan, BRICS-e Agza Bolmak Isleýär