5-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy.Dabarada çykyş edenler Türkmenistanyň hem-de Azerbaýjan Respublikasynyň dost-doganlyk gatnaşyklarynyň ähli ugurlarda üstünlikli ösdürilmegine uly üns berýändikleri üçin iki ýurduň Baştutanlaryna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.
Geçen ýylyň oktýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň 12-nji sammitine gatnaşmak üçin Azerbaýjan Respublikasyna amala aşyran iş saparyna aýratyn üns çekildi. Şonda Gahryman Arkadagymyz Medeniýet günlerini, teatr çykyşlaryny, dürli sergileri, kino günlerini geçirmek boýunça uly işleriň durmuşa geçirilýändigini belläp, ýurtlarymyzyň bu ugurda gazanan tejribesini dowam etdirmegiň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy. Şu gezekki Medeniýet günleri hem Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň medeniýet ulgamynda alnyp barylýan gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydygyna aýdyň subutnamadyr. Çykyşlarda Milli Liderimiziň Azerbaýjan Respublikasyna amala aşyran şol saparynyň çäklerinde Türkmenistan tarapyndan Fizuli şäherinde azerbaýjan halkyna sowgat hökmünde gurulýan metjidiň düýbüniň tutulyş dabarasynyň bolandygy we häzirki wagtda onuň gurluşyk işleriniň depginli alnyp barylýandygy nygtaldy.
Munuň üçin türkmen tarapyna hoşallyk bildirildi.Soňra sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlaryna uly orun berildi.Dostluk kompozisiýasy atly çykyş iki ýurduň dost-doganlyk gatnaşyklarynyň çeper beýany boldy.
Tomaşaçylar Fikret Amirow adyndaky Azerbaýjanyň Döwlet milli saz gurallary orkestriniň, Gara Garaýew adyndaky Döwlet kamera orkestriniň çykyşyny, ýurduň Döwlet tans toparynyň deprekçileriniň tansyny, halk artistleriň hem-de beýleki aýdymçylaryň we döredijilik toparlarynyň çykyşlaryny uly şowhun bilen garşyladylar.
Galkynyş toparynyň Küştdepdi tansy azerbaýjanly sungat ussadynyň çykyşy bilen ajaýyp sazlaşygy döredip, konserte aýratyn öwüşgin çaýdy.Konsertiň dowamynda sazandalar, aýdymçylar we tansçylar sazyň, aýdymyň hem-de tansyň umumylygy arkaly tomaşaçylara milli medeniýetleriň meňzeşligini, özboluşlylygyny hem-de dürdänelerini açyp görkezdiler. Çykyşlar tomaşaçylarda ýakymly duýgulary döretdi. Şeýle ajaýyp pursatlar Gahryman Arkadagymyzyň sözlerine we sazyna döredilen Leýlisaç barada rowaýat atly aýdym ýerine ýetirilende has-da aýdyň ýüze çykdy.
Azerbaýjan Respublikasynyň halk artisti Gülýanak Mamedowanyň hem-de ýurdumyzyň Näzli tans toparynyň tansçy gyzlarynyň ýerine ýetiren bu çykyşyny tomaşaçylar şowhunly el çarpyşmalar bilen alkyşladylar.  Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň ilkinji gününde Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Azerbaýjanyň milli mirasynyň merjeni atly serginiň açylyş dabarasy boldy.
Sergide Azerbaýjanyň Milli haly muzeýiniň ýygyndysyndan çitme hem-de kakma usulynda ýerine ýetirilen dokma önümleri, bezeg önümleri, keşdeler, başgaplar, dürli görnüşli nagyşlaryň nusgalary görkezilýär.Gözel paýtagtymyzdaky Aşgabat kinoteatrynda Azerbaýjanyň çeper filmleriniň görkezilişi hem boldy.
