Azerbaýjan Russiýa Protest Notasyny Berdi

Azerbaýjan Russiýa Protest Notasyny Berdi

Azerbaýjan, Garabagda iş alyp barýan rus parahatçylyk güýçleriniň ermenileriň Garabagdaky magdan känlerini dolandyrmagynyň öňüniň alynmagy üçin degişli çäre görmändigi sebäpli Russiýa protest notasyny berdi.

Azerbaýjanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Aýhan Hajyzade, Bakuwyň Moskwa nota berendigini mälim etdi.

Hajizade, ermenileriň Garabagdaky Kyzylbulak altyn we Demirli mis magdanlaryny bikanun ýagdaýda dolandyrýandygyny belledi.

Azerbaýjanly ýolbaşçylaryň 10-ny dekabrda sebite sapar guramagy bökdelipdi we sebitdäki rus esgerleriniň degişli çäre görmändigi sebäpli Russiýa protest notasy berildi.

Notada, “Azerbaýjanyň özygtyýarlygyna we territorial bitewiligine sarpa goýulmagy” islendi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Azerbaýjan onlarça ýyl dowam eden uruşdan soň Ermenistana ilkinji gezek ýangyç iberdi
Hakan Fidan Bakuwa Bardy
Aliýew Ermenistan Bilen Barlyşyga Iňňän Ýakyndyklaryny Aýtdy
Prezident Erdogan Bursada halka ýüzlenip çykyş etdi
Ermenistanyň, ABŞ-nyň we ÝB-niň Arasynda Geçiriljek Maslahat Tarapsyz Çemeleşmesine Zyýan Ýetirer
Rus Parahatçylyk Güýçleri Garabagdan Çekilmäge Başlady